Ï «Türkmendemirýollarynyň» başlygy demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynda çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmendemirýollarynyň» başlygy demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynda çykyş etdi

view-icon 3499
«Türkmendemirýollarynyň» başlygy demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türki döwletleri guramasynyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Stambulda geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşdy.

Azat Atamyradow duşuşyga gatnaşýanlary Türkmenistanyň halkara ulag diplomatiýasy, ýurdumyzyň demirýol pudagynyň mümkinçilikleri, pudagyň maddy we tehniki binýadyny gowulandyrmak, şeýle hem täze ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly, türkmen demirýolçulary tarapyndan gurlup, «Lapis-Lazuli» ulag geçelgesiniň düzümine girýän Akina – Andhoý duralgasy, Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa ulag geçelgesi, Türkmenistanyň çäklerinden geçýän «Ýewropa – Kawkaz – Aziýa» halkara ulag geçelgesi barada gürrüň berdi.

Türki döwletleri guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýändigini bellän A.Atamyradow ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça çäreleriň hasam giňeldiljekdigine umyt bildirdi.

TDG-niň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäginde multimodal ýük daşaýjylyk we logistika boýunça forum geçirildi.

Forum tejribe alyşmak we multimodal transport ugurlaryny ösdürmek başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin TDG-ä agza döwletleriň degişli ministrlikleriniň we müdirlikleriniň wekillerini, öňdebaryjy logistika kompaniýalaryny, täjirçilik gurluşlaryny bir ýere jemledi. Oňa Türkmenistandan «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» АGPJ, «Halkara Türkmen Logistik» HJ, «Döwrеbap ulag merkezi» HJ, «Meno Logistics Turkmen» HJ ýaly ulag we logistika kompaniýalary gatnaşdylar.