Ï Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi

view-icon 3526
Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi

Şu gün Daşoguz welaýatynyň ekerançylary toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, şu ýylyň pagta ýygymyna girişdiler. 31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu möhüm möwsüme ak pata berip, hormatly ýaşululara pagta ýygymyna «Bismilla» bilen başlap bermekleri baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Şu möwsümde tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekmek üçin 580 müň gektar ýer bölünip berildi. Şol ýerlerde şu ýylyň baharynda pagtanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Gubadag — 3», «149-F», «Ýolöten — 14» ýaly görnüşleri ekildi.

Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň pagta ýygymynyň güýçli depginini üpjün etmäge ýardam edýändigi bellärliklidir. Ýurdumyza oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary üçin toprak-howa şertlerimize laýyk gelýän tehnikalar yzygiderli getirilýär. Şu jogapkärli möwsümde demirgazyk sebitde «John Deere» kysymly kombaýnlar we köp mukdardaky ýük ulaglary işe giriziler. Ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin zerur tehniki hyzmat işleri guralyp, mehanizatorlaryň we ýygym möwsümine gatnaşyjylaryň işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalar doly taýýar edildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlarlar. Şunuň bilen birlikde, iş maslahaty geçirilip, onda bu möhüm möwsümi guramaçylykly geçirmek, degişli gulluklaryň işini utgaşykly ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerinde rowaçlyk hem-de ähli türkmen halkynyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg edip, «Harmanyňyza bereket!» diýen sözler bilen pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdiler.

Şu gün Daşoguz welaýatynyň harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti «ak altyndan» doly, Döwlet baýdagymyzdyr halylar bilen bezelen awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerweni geldi.

Ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan çärelere häkimlikleriň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalykçy alymlar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjiler we pagtaçy kärendeçiler gatnaşdylar. Möwsümiň başlanmagy mynasybetli oba hojalyk tehnikalarynyň we sebitiň obasenagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. Welaýatyň artistleri, tans-döredijilik toparlary ajaýyp konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.