Ï Arkadag we Balkanabat şäherleriniň sebitleri boýunça seýsmiki kartalar taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag we Balkanabat şäherleriniň sebitleri boýunça seýsmiki kartalar taýýarlanylýar

view-icon 3675

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň hünärmenleri Arkadag we Balkanabat şäherleriniň sebitleriniň seýsmiki kartalaryny taýýarlaýarlar. Soňra bu kartalar gurluşyk üçin kadalaşdyryjy resminama hökmünde tassyklanar. Institutyň wekilleri bu barada 7-8-nji sentýabrda Tokioda geçirilen «Ylym we tehnologiýa durnukly ösüş üçin – 2023» atly halkara maslahatdaky çykyşynda habar berdiler.

Şu ýyl açylan «akylly» Arkadag şäheri häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyklykda guruldy. Şäherde BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulanyldy.

Muny Durnukly ösüş maksatlarynyň lokalizasiýasyna we Türkmenistanda şäherleri ösdürmek babatda täze gün tertibiniň goşant goşan inklýuziw, howpsuz, durnukly we akylly sebitleriň ýörelgelerini durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalary üçin Arkadag şäherine berlen BMG-nyň Habibat Minnetdarlyk sertifikaty, şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inženerçilik seýsmologiýa institutynyň Arkadag şäheriniň seýsmiki mikroraýonlaşdyrmak we seýsmiki howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçiren ylmy-barlag işleriniň Hil sertifikaty hem tassyklaýar. 

Binalaryň hasabyny çykarmak usullarynyň gowulandyrylmagy, täze materiallaryň alynmagy we olaryň esasynda ýer titremesine durnukly gurluşlary taýýarlamagyň netijesinde türkmen alymlary ýer titremesine durnukly gurluşyk pudagynda uly üstünlikler gazandylar.

Türkmenistanly hünärmenler halkara meýdançasynda çykyş edip, tebigy betbagtçylyklardan sapak almagyň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanlylar üçin 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titremesi uly betbagtçylyk boldy. Şonda şäher tutuşlygyna weýran boldy, tebigy bela müňlerçe adamyň ömür tanapyny kesdi. Şol elhenç wakadan 75 ýyl geçdi. Ýurduň täzeden dörän paýtagty Merkezi Aziýanyň ykrar edilen merjenine öwrüldi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda binalaryň we desgalaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Ýurtda «Türkmenistanyň seýsmiki howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek» Döwlet maksatnamasy hereket edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň iş toparynyň gatnaşmagynda seýsmiki howpa baha bermek we ýer titremesini çaklamak boýunça bilermenler geňeşi döredildi.

Şeýle hem senagat we jemgyýetçilik desgalarynyň seýsmiki gowşaklygyna baha bermek, seýsmiki işjeň zolaklarda möhüm binalarda hem-de desgalarda inženerçilik seýsmometrik gözegçilik merkezini döretmek we seýsmiki töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda işler alnyp barylýar.

Kadalaşdyryjy seýsmiki sebitleşdiriş kartalaryna laýyklykda ýer titremesine durnukly gurluşyk alnyp barylýar, ýerden tygşytly peýdalanmak we uzak möhletleýin durmuş-ykdysady meýilnamalaşdyrmak amala aşyrylýar. Seýsmiki durnuklylyk we güýçli ýer titremeleriň weýran ediji netijeleriniň ýetirip biljek zyýanyna baha berilýär.

Ýaponiýanyň Ylmy geňeşi Türkmenistanyň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmakda täsirli gural bolan degişli döwlet maksatnamalarynyň, kanunlarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly tagallalaryna ýokary baha berdi.

Maslahatyň netijesinde «Tokio Beýannamasy-2023» kabul edildi. Onda foruma gatnaşan ýurtlar şäherleri abadanlaşdyrmaga we sanly özgertmelere gönükdirilen maýa goýumlary artdyrmagyň zerurdygyny beýan etdiler.