Ï Talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 161
Talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi.

«Piläniň ilkinji işlenilişi we ýüpek çig malynyň hil derňewi» diýen okuw gollanmasy oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna, mugallymlaryna, aspirantlaryna hem-de ýüpekçilik ulgamynda işleýän hünärmenlere niýetlenendir.

Kitap pileleriň gurluş aýratynlyklary, çig we guradylan ýüpegiň görnüşlere bölünişi, onuň fiziki-himiki düzümi we hili, çig ýüpegiň kabul edilişi, ýüpegiň ilkinji gaýtadan işlenilmeginde howpsuzlyk düzgünleri hem-de ýüpek matalaryny öndürýän fabriklerde guradylan ýüpegiň kabul edilişi baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Bu okuw gollanmanyň esasy maksady ýüpekçilik pudagynyň häzirki zaman ösüşine, önümçiligi ýokary derejede guramaga we kärhanalaryň girdejililigini artdyrmaga işjeň gatnaşmaga ukyply hünärmenleriň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Ýene-de bir täze okuw gollanma Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryna, şeýle hem tokaý hojalygy, ekologiýa ulgamyndaky hünärmenlere hem-de tokaýlary hasaba almak, olaryň kadastry we monitoringi ulgamynda işleýänlere niýetlenendir.

Kitapda tokaýlary hasaba almak düşünjesine, tokaýlara baha bermek usullaryna, ýurdumyzyň tokaýlaryndaky baglaryň düzümini öwrenmegiň düzgünlerine, şeýle hem nyrh kesmeleriň ähli görnüşlerini geçirmegiň usullaryna, ulanylýan ölçeg birliklerine, tokaý serişdelerine toplumlaýyn baha bermegiň esaslaryna giňişleýin garalýar.

Kitapda Türkmenistanyň tokaý hojalygyndaky tokaýlara nyrh kesmegiň esasy ýörelgeleri, tokaý baglaryna nyrh kesmegiň wezipeleri we maksatlary, nyrh kesmegi geçirmegiň düzgünleri, tokaý baglaryny hasaba almagyň, agaçlaryň ätiýaçlyklaryny kesgitlemegiň usullary beýan edilýär.

Okuw gollanma «Tokaý taksasiýasy» dersiniň esasy maksatlary nazarda tutulyp taýýarlanyldy. Şol maksatlar talyplara agaç we gyrymsy agaç görnüşleriň düzümini barlamagyň nazaryýetini hem-de amalyýetini, olaryň mümkinçiliklerine baha bermegi, nyrh kesmäni geçirmegiň we nyrh kesiş birliklerini ulanmagyň usullaryny öwretmekden ybaratdyr.

Oba senagat ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak milli bilimiň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu wajyp wezipeleri çözmekde hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw gollanmalaryny taýýarlamak hem-de neşir etmek, ýokary hilli bilim, ýaş alymlaryň, ýurduň oba senagat toplumynyň geljekki hünärmenleriniň gatnaşmagynda bu ulgamlarda ylmy-barlaglary geçirmek uly ähmiýete eýedir.