Ï Ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýetine 2023-nji ýylyň 17-20-nji sentýabry aralygynda Seul şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýetine 2023-nji ýylyň 17-20-nji sentýabry aralygynda Seul şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi

view-icon 3938

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýetine 2023-nji ýylyň 17 — 20-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatlylyk bilen öňe sürýän taryhy başlangyçlary, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar.

«Merkezi Aziýa — Koreýa» görnüşindäki, şeýle hem türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurda halkara forumlary geçirmek baradaky başlangyçlar hem, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza degişlidir.