Ï Ýurdumyzyň türgenleriniň ilkinji topary ХIХ tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Hançžou şäherine geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň türgenleriniň ilkinji topary ХIХ tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Hançžou şäherine geldi

view-icon 4289
Ýurdumyzyň türgenleriniň ilkinji topary ХIХ tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Hançžou şäherine geldi
camera-icon
Aleksandr Werşinin

Şu gün ýurdumyzyň türgenleriniň ilkinji topary 23-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Hytaýda geçiriljek 19-njy tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Urumçiniň üsti bilen Aşgabatdan Hançžou şäherine geldi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň howandarlygynda her dört ýylda bir gezek geçirilýän bu köp görnüşli ýaryşlar yklymyň iň gowy türgenlerini  bir ýere ýygnaýar we bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Şeýle oýunlaryň ilkinjisi 1951-nji ýylda Nýu-Delide (Hindistan) geçirilipdi. Şonda oňa bary-ýogy 11 ýurtdan 489 türgen gatnaşyp, sportuň alty görnüşi boýunça bäsleşipdiler. Ýakynda Hytaýda geçiriljek Aziada bolsa 45 ýurtdan müňlerçe türgeni bir ýerde jemlär. Olar  sportuň  61 görnüşi boýunça medal ugrunda bäsleşerler. Bularyň 45-si olimpiýa, 16-sy bolsa olimpiýa däl sport görnüşleridir.

Aziýa oýunlaryny Hançžouda geçirmek karary 2015-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 34-nji Baş Assambleýasynda Aşgabatda kabul edilipdi.

Ilkibaşda oýunlaryň 2022-nji ýylyň 10 – 25-nji sentýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilipdi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli OCA 2022-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň 2023-nji ýyla geçirilendigini yglan etdi. Hançžhou şäheriniň 1990-njy ýylda Pekinden we 2010-njy ýylda Guançžoudan soň Aziýa oýunlaryny kabul eden Hytaýyň üçünji şäheri bolmagy bellärliklidir.

Sportuň ösüşine döwlet tarapyndan uly üns berilýän Türkmenistan Aziýa oýunlaryna sekizinji gezek abraýly wekillerini iberýär. Onuň düzümine 104 adam, şol sanda 67 türgen girýär. Biziň türgenlerimiz sportuň 11 görnüşi: basketbol 3x3, boks, sport göreşi (erkin we grek-rim), jiu-jitsu, dzýudo, kuraş göreşi, karate-do, ýeňil atletika, ýüzüş, agyr atletika we uşu boýunça çykyş ederler.

Türkmen türgenleriniň  boks, uşu we ýüzüş boýunça wekillerini öz içine alýan ilkinji topary Hytaýyň gündogaryndaky Çžetszýaň welaýatynyň paýtagtyna barmak üçin iki uçarda jemi 8 sagat uçmak bilen ýeňil bolmadyk ýoly geçdi.

Hançžhouň şäher merkezinden 27 kilometrlikde ýerleşýän Sýanşan halkara howa menziliniň 16-njy sentýabrdan soň Aziýa oýunlaryna gatnaşýanlar üçin ýörite hyzmatlary hödürlemek bilen adatdakysyndan has köp iş edýändigini bellemelidiris.

Aziýa oýunlaryna gatnaşýanlaryň päsgelçiliksiz hereket etmeklerini üpjün etmek üçin bu ýerde ýörite ýodalar we özara baglanyşykly alty sany «akylly» derweze işe girizildi. Hançžhouň gümrükhanasy bellige alnan goşlary «akylly» maşyna barlatmak, netijeli gözegçiligi üpjün etmek we Aziýa oýunlaryna gatnaşýanlar üçin amatly gümrük resmileşdiriş işlerini ýeňilleşdirmek üçin suratlaryň uzak aralykdan derňewini ulanýar.

Şeýle-de bolsa, Hançžou gümrükhanasy Aziýa oýunlaryna gatnaşýanlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegini üpjün etmek üçin dürli howpsuzlyk çärelerini we adatdan daşary ýagdaýlarda etmeli işleriň meýilnamalaryny işläp düzüpdir.

17-nji sentýabrda türkmen türgenleri bilen bir wagtda, Hançžhou halkara howa menziline Hindistandan we Täjigistandan sport wekiliýetleri geldi. Olar hatda berlen pursatdan peýdalanyp, biziň käbir türgenlerimiz bilen ýadygärlik surata-da düşdüler.

Hançžou şäherine gelen türkmen türgenleri  myhmanhanalaryň birinde bir günlük ýerleşdiler. 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň sport wekiliýetini Aziýa oýunlaryna gatnaşýanlaryň hemmesiniň ýaşap, ýaryşlara taýýarlyk görjek sport şäherçesine göçürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen türgenleri üçin Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlary olaryň taryhynda sekizinji oýun bolar. 2018-nji ýylyň 18-nji awgustyndan 2-nji sentýabryna çenli Indoneziýanyň paýtagty Jakartada we Palembaň şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň türgenleri bir kümüş we iki bürünç medal gazanypdy. Kümüş medala agyr atletikaçy Kristina Şermetowa (53 kg çenli agram toparynda), bürünç medallara bolsa ýaryşda jiu-jitsu pälwany Kemal Meredow (56 kg çenli) we grek-rim usulynyň pälwany Şihazberdi Öwelekow (87 kg çenli) mynasyp bolupdylar. Geliň, türgenlerimize Hytaýyň sport meýdançalarynda üstünlik gazanmaklaryny arzuw edeliň!