Mýanmanyň, Bahreýniň we Bangladeşiň milli ýygyndy toparlary Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen zenan toparlarynyň arasynda 21-nji Aziýa Kubogy saýlama ýaryşynyň bijesinden soň türkmen futbolçy gyzlarynyň garşysyna oýnarlar, onuň final bölegi 2026-njy ýylda Awstraliýada geçiriler.
Bijeden öň 34 topar öz reýtingine görä bäş toparça bölündi. Türkmenistan (reýtinginde 141-nji orunda) Singapur (139), Pakistan (157), Şri-Lanka (158), Gündogar Timor (159), Maldiwler (163) we Saud Arabystany (166) bilen birlikde dördünji toparça düşdi. Ondaky toparlar 8 saýlama toparça bölündi. Duşuşyklary Mýanmada geçiriljek «C» toparçada Türkmenistan we garşydaşlary bar.
Beýleki toparçalarda:
«A» toparçada: Eýran, Iordaniýa (meýdança eýesi), Liwan, Singapur, Butan;
«B» toparçada: Tailand (meýdança eýesi), Hindistan, Mongoliýa, Gündogar Timor, Yrak;
«D» toparçada: Hytaý Taýbeýi, Indoneziýa (meýdança eýesi), Gyrgyz Respublikasy, Pakistan;
«E» toparçada: Wýetnam (meýdança eýesi), Guam, Birleşen Arap Emirlikleri, Maldiwler;
«F» toparçada: Özbegistan (meýdança eýesi), Nepal, Laos, Şri-Lanka;
«G» toparçada: Filippinler, Gonkong, Kamboja (meýdança eýesi), Saud Arabystany;
«H» : KHDR, Malaýziýa, Palestina, Täjigistan (meýdança eýesi) bar.
Saýlama ýaryşynda öňki üç çempion – KHDR, Hytaý Taýbeýi we Tailand çykyş eder, 18 topar – Bahreýn, Bangladeş, Butan, Kamboja, Yrak, Gyrgyz Respublikasy, Laos, Liwan, Maldiwler, Mongoliýa, Pakistan, Palestina, Saud Arabystany, Şri-Lanka, Täjigistan, Gündogar Timor, Türkmenistan we BAE 2026-njy ýylda ilkinji gezek finala çykmaga synanşarlar.
Ähli toparçalarda saýlama oýunlary 2025-nji ýylyň 23-nji iýunyndan 5-nji iýuly aralygynda merkezleşdirilen formatda geçiriler. 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna baş tälimçi hökmünde Türkmenistanyň zenanlar futbol toparyny kimiň taýýarlajagy soň belli bolar.
Sekiz toparçanyň ýeňijileri indiki tapgyra çykarlar, ýaryşyň soňky tapgyrynda finalyň meýdança eýesi Awstraliýa we Hindistanda geçirilen öňki 2022-nji ýyldaky Zenanlar Aziýa Kubogynyň iň güýçli üç topary çempion bolan Hytaýyň, ikinji orny eýelän Koreýa Respublikasynyň we bürünç medal gazanan Ýaponiýanyň toparlary goşular.
Şeýlelikde, jemleýji ýaryşa iň güýçli 12 topar gatnaşar. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 21-nji martyna çenli Awstraliýanyň üç şäherinde Sidneýde, Pertde we Gold-Kostda Awstraliýada we Täze Zelandiýada 2023-nji ýylda Zenanlar Dünýä Çempionatynyň oýunlary bolan stadionlarda geçiriler.