Ï Aşgabat Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi

view-icon 2983
Aşgabat Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynda ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahlumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň işine sebit meselesi beýan edilen garaýyşlary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar. 

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şeýle çemeleşme bilelikdäki işe gerek bolan takyklygy girizmek, onuň wezipesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur diýip hasaplaýarys.

«Merkezi Aziýa – BMG ugry boýunça      inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynanýaryn. Türkmenistan oňa girişmäge hyzmatdaşlary    hormat bilen çagyrýar»  – diýip, Arkadagly Serdarymyz öz çykyşynda nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Biz birinji Maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris» – diýdi.