Ï Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi

view-icon 3781
Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG-niň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutulýan ugurlary belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň goşandy görnükli bolar we umumydünýä maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer.

Arkadagly Serdarymyz ileri tutulýan şol meseleleriň arasynda Ulag babatda durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy aýratyn belledi. 

«Biz Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty kararnamany kabul edendigine buýsanýarys» – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly kararnamany görkezmek bolar. Döwlet Baştutanymyz bu resminamany biragyzdan goldandyklary üçin, ähli agza döwletlere minnetdarlyk bildirdi.

«Şunuň bilen baglylykda, şol kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu sessiýanyň çäklerinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda belledi.