Ï Türkmenistan Türkiýä Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Türkiýä Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi

view-icon 3652
Türkmenistan Türkiýä Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini we bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýandygyny nygtady.

«Şeýlelikde biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris» diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegi hem makul görýändigimizi aýtdy.