Ï “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri

view-icon 4271
“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri

Şu gün “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda guralan duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalyk pudagynyň, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşky gurşaw ministrliginiň, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) we Koreýanyň Dokma önümleriniň söwdasy assosiasiýasynyň (KTTA), Koreýanyň Senagat tehnologiýalary institutynyň (KITECH), şeýle hem dürli ulgamlarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Aziýa döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu sebitde umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Türkmenistan sebitiň we dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Bu dostlukly ýurt bilen gatnaşyklar deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik esasynda alnyp barylýar.

Özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyk taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda işjeň ösüşe eýe boldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, okgunly depginini dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň döredilmegi barada aýratyn nygtaldy. Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary, “Koreýa Respublikasy — Türkmenistan” parlamentara dostluk topary köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýär.

Mejlise gatnaşyjylar netijeli ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň möhümdigini belläp, energetika, dokma senagaty, saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, nebitgaz toplumynda, oba we suw hojalygy pudaklarynda, ýokary tehnologiýalar, ylym, bilim, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda iri önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini bellemek gerek. “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň bina edilmegi bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulag toplumynyň ep-esli bölegini koreý awtobuslary we awtoulaglary düzýär.

Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Hususan-da, çykyşlarda milli durmuş-ykdysady ösüşiň gazananlaryny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ägirt uly serişde we eksport kuwwatynyň bardygyny tassyklaýan anyk görkezijiler mysal getirildi. Taraplar netijeli hyzmatdaşlygyň, ony täze sepgitlere çykarmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, munuň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, senagat pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin döredilen şertler hem-de ýurdumyzda kemala gelen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendigini bellediler.

Biziň ýurdumyzda Koreýa Respublikasynyň ylma esaslanýan ýokary tehnologiýalarynyň uly gyzyklanma döredýändigine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň häzirki wagtda sanly ulgamlary hem-de bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesini çekmegi ugur edinýändigi bilen düşündirilýär. Umumy pikire görä, türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary boýunça düýpli pikir alyşmalar geçirilen bu mejlisiň jemleri anyk netijeleriň gazanylmagyna ýardam berer.

***

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň kiçi maslahatlar zalynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Onda sebit derejesinde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, gatnaşyjy ýurtlaryň işewür toparlary üçin goşmaça şertleri döretmek maksady bilen, bu düzümiň işini depginli ösdürmek, şol sanda sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň hasabyna ony işjeňleşdirmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, “Merkezi Aziýa ýurtlarynda senagaty we ulag-logistikany sanlylaşdyrmak ulgamynda maýa goýum ýagdaýy we özara maýa goýum mümkinçilikleri”, “Merkezi Aziýada senagaty we ulag-logistikany sanlylaşdyrmak ulgamynda işleýän ýa-da bu ulgama girmek isleýän koreý kompaniýalarynyň tejribesi” mowzuklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda ýygnananlar soňky ýyllarda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky dialogyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Işewürlik geňeşiniň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge uly itergi berdi.

Şu gezekki foruma Koreýa Respublikasynyň dünýäniň ýokary tehnologiýalar bazarynda ykrar edilen iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagy koreý işewürleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljegi uly bazarlarynda iş alyp barmaga ýokary gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri sebit we milli ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin özleriniň iň täze ylmy-önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwrüň ruhuna hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyň talaplaryna laýyk gelýän gatnaşyklaryň netijeli nusgasyny işläp taýýarlamak babatda işewürler geňeşiniň alyp barýan işiniň ähmiýetini bellediler. Mundan başga-da, mejlisde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň 2023-nji ýylda alyp baran işi baradaky hasabat hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy boýunça teklipler diňlenildi.