Ï «Altyn asyr» topary paýtagt, «Energetik» toapry Mary derbisinde üstün çykdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» topary paýtagt, «Energetik» toapry Mary derbisinde üstün çykdylar

view-icon 2242
«Altyn asyr» topary paýtagt, «Energetik» toapry Mary derbisinde üstün çykdylar

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň 20-nji tapgyryny jemlän derbileriň ikisi-de çekeleşikli geçdi.

Büzmeýin etrabynyň «Sport Toplumy» stadionynda geçirilen paýtagt derbisinde «Altyn asyr» topary «Aşgabat» toparyny 4:0 hasabynda utdy, Maryda bolsa ýerli «Energetik» topary «Merw» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Aşgabatda geçen oýnunda Türkmenistanyň wise-çempionyna 27-nji we 63-nji minutda iki pökgi geçiren Myrat Annaýew, Ruslan Täjiýew (54-nji) we Rahman Myratberdiýew (89-njy) hersi bir pökgi geçirip, öz toparyna ýeňiş getirdiler. 

Marydaky duşuşygyň ykbalyny «Energetigiň» futbolçysy Serdar Annamämmedowyň 22-nji minutda tora girizen ýeke pökgüsi çözdi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 20-nji tapgyrdan öňde barýan «Arkadag» topary ýaryşyň başyny çekýär, soň «Altyn asyrdan» 9 utuk az toplan Balkanabadyň «Nebitçisi» baýrakly üçlüge girýär.