Uzaga çeken arakesmeden soň futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň oýunlary bilen ýaryşyň 15-nji tapgyry başlandy. Üçünji tapgyryň ilkinji üç tapgyry Maryda geçiriler.
Birinji oýunda Türkmenistanyň häzirki çempiony Türkmenbaşy şäherinden «Deňizçi» Daşoguzyň «Turany» bilen duşuşykda 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Beýleki bir oýunda milli çempionatyň lideri «Köpetdag» «Migrasiýadan» 2:5 hasabynda utulyp, ilkinji ýeňlişe sezewar boldy. Tapgyryň başga bir oýnunda «Gümrükçi» TNGZT-nyň toparyndan 7:3 hasabynda üstün çykdy.
Şu oýunlardan soň paýtagtyň «Köpetdagy» 38 utuk bilen henizem ýaryşyň başyny çekýär. «Deňizçi» liderden bir utuk az toplady. «Senagatbank» 30 utuk bilen ilkinji üçlügi jemleýär.
Indiki tapgyrda «Deňizçi» bilen «Köpetdag» duşuşar. Hünärmenler 2023-nji ýylda futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň altyn medallaryň ykbalynyň, esasan, bu oýnuň netijesine bagly boljakdygyna aýdýarlar.