Ï Arkadag şäheri çägini giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheri çägini giňeldýär

view-icon 5870
Arkadag şäheri çägini giňeldýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýeri hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýeri Arkadag şäheriniň çägine geçirildi.

Resminama Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasy göz öňünde tutulyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägini giňeltmek baradaky kabul edilen resminama bilen baglanyşykly Hökümet mejlisinde degişli işleri geçirmegiň zerurlygy bellenildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan tygşytlylyk hem-de ekologik howpsuzlyk babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 – 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.

11-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş sapary wagty döwlet derejeli şäheriň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetiriljek gurluşyk işlerine häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi. Meýilleşdirilen taslamalar durmuşa geçirilende işe iň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurlygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde şäheriň abadanlaşdyrmagyny we arassalygyny berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtady.

Iş saparynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakyndaky» Kararynyň möhüm ähmiýeti barada durup geçdi hem-de bu taryhy çözgüt üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza şäher häkimliginiň işgärleriniň we Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Taryhy Karar şäheriň ýaşaýjylaryny täze zähmet ýeňişlerine, uly üstünliklere ruhlandyrdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň tebigy-howa şertlerine oňaýly ekoulaglaryň aýratynlyklaryny we bu ugurda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirildi.