Döwletli Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşyny üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalaryň çäklerinde Balkan welaýatynda hem ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda oba hojalyk toplumyna degişli edaralar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan daýhan hojalyklarynda-da toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Munuň şeýledigine welaýatyň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň düzümindäki Guş toplumynyň önümçilik mümkinçilikleri hem doly güwä geçýär. Kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň maldarçylyk pudagyny we ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulygy ösdürmek, şol sanda agrar pudagyň gaýtadan işleýän senagatynyň kuwwatyny artdyrmak barada edilýän tagallalara jogap edip, saldamly işleri bitirýärler.
Häzirki wagtda «Nurly meýdan» daýhan hojalygy, onuň guş toplumy içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa, hil nyşanly önümleri öndürip, sarp edijileriň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Daýhan hojalygynyň 50 gektar meýdany tutýan önümçilik desgalarynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar towuk etini öndürýän bölüm, 12 million jüýje çykarýan inkubatorly, şeýle hem 16 million azyklyk ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumy hereket edýär. Olarda towuklary göwnejaý idetmek hem-de köpeltmek üçin ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän döwrebap şertlerdir mümkinçilikler bar. Bu ýerde idedilýän towuklar, esasan, loman tohumly bolup, towugyň şu görnüşi ýumurtga berijiligi bilen tapawutlanýar. «Nurly meýdan» daýhan hojalygy mundan ençeme ýyl ozal inkubatorly guşçulyk toplumyny işe girizmek bilen ýurdumyzda ilkinji bolup, inkubasiýa boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Şunda ösen häzirki zaman guşçulyk pudagynda synagdan geçirilen öňdebaryjy tehnologiýalar ýerlikli peýdalanyldy. Şeýle-de, toplumda «Enelik towuk» taslamasy boýunça guşçulyk fermasynyň işi alnyp baryldy.
Gürrüňi edilýän döwrebap toplumda ýaşajyk jüýjelerden bary-ýogy 40-45 günüň dowamynda her biriniň agramy birnäçe kilogramdan geçýän broýler tohumly towuklar kemala gelýär. Olar kada laýyk degişli agramlaryna ýetensoň, toplumyň iýmitlik et taýýarlanýan bölümine geçirilýär. Bu ýerde işleriň ählisi diýen ýaly awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirilýär. Şeýlelikde, bu ýerden ýörite göze gelüwli gaplara gaplanyp, sarp edijilere ýetirmek üçin taýýar önüm bolup çykýar. Jüýjeleriň we ösdürilip ýetişdirilýän broýler towuklarynyň oňat idedilip, göwnejaý saklanylmagy ýokary netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýär.
Ýumurtga öndüriji bölümiň işi hem sazlaşykly guralypdyr. Bu ýerde 50 müň towuk idedilýär we bir günüň dowamynda olardan köp möçberde ýumurtga alynýar. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýylyň geçen hasabat döwrüniň önümçilik görkezijilerem has-da ýokary boldy. Şeýle-de, towuk etini öndürmekde degişli önümçilik tabşyryklary artygy bilen berjaý edildi.
Guş toplumyndaky ene towuklar ýokumlylygy, kuwwatlylygy babatda tapawutlanýan iýmler bilen iýmitlendirilýär. Elbetde, şu ýagdaýyň özem ene towuklaryň önüm berijiligine, alynýan ýumurtgalaryň ýokary hil derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Guşlaryň ösüşi üçin peýdaly, ýokumly bolan kombinirlenen iýmleriň hemmesi-de öňdebaryjy daýhan hojalygynyň öz zawodynda öndürilýär. Onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty hem 72 müň tonna iým öndürmäge niýetlenendir.
Guş toplumynyň düzüminde ýene bir täze önümçiligiň ýola goýulmagy hem tutuş kärhananyň iş kuwwatyny täze derejelere çykardy. Has takygy, olar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Guş toplumynyň önümçilik binalaryny kärendesine aldylar. Bu ýerde ýyllyk önümçilik kuwwatyna laýyklykda jemi 200 müň towuk idetmek göz öňünde tutulýar. Şeýle belent maksatlara abraý bilen hötde gelýän hünärmenler bolsa önüm bolçulygyny has-da ýokarlandyrmakda görnükli üstünlikler gazanýarlar.