Ï Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara

view-icon 1878

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli Aşgabatda geçirilýän bu ykdysady serginiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini has doly ulanmakda hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmen we eýran halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hut şonuň üçin hem ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar. Esasy ugurlar boýunça, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygymyz munuň aýdyň beýany hökmünde barha giň gerim alýar.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyny diňe iki ýurduň däl-de, tutuş Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki täze taslamalar pugtalandyrýar. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» diýlip ykrar edilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň has ähmiýetlileriniň biridir. Iki ýurduň söwda we ykdysady ugurly taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. Munuň şeýledigini şu gün öz işine başlaýan ýöriteleşdirilen serginiň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy, onuň çäginde geçiriljek Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna iki döwletiň işewür toparlary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi, bu çäreleriň netijesi boýunça gol çekiljek şertnamalar hem aýdyň görkezýär.

Biziň döwletlerimiziň telekeçilik düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmek boýunça netijeli gurallary işläp taýýarlaýan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Hökümetara toparyň şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän nobatdaky mejlisiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde, geljekki bilelikdäki taslamalara itergi bermekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Men «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergä hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşýanlaryň ählisini bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çagyrýaryn. Bu günki geçiriljek gepleşikleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň iki goňşy ýurduň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňeldilmegine, geljekki özara bähbitli taslamalaryň başyny başlamaga giň mümkinçilikleri açjakdygy şübhesizdir.

Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen we eýran halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.