Ï Türkmenistanlylar çalt küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýetginjekler çempionatynda kümüş we bürünç medal eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanlylar çalt küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýetginjekler çempionatynda kümüş we bürünç medal eýelediler

view-icon 4212
Türkmenistanlylar çalt küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýetginjekler çempionatynda kümüş we bürünç medal eýelediler

Türkmenistanly türgenler Kolombo şäherinde (Şri-Lanka) geçirilýän çalt küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýetginjekler (ýaşy 20-ä çenli) çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular.

7 tapgyrda geçirilen ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, her küştçiniň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen tutuş döwe 15 minut wagt berilýärdi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda habar berlişi ýaly, 7 oýunda 5,5 utuk toplan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Hallynyýazow toparymyzda kümüş medal gazandy. Hindistanly halkara derejeli ussat G.Harşawardhan hem şonça utuk gazandy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesine görä, birinji orny eýeledi.

Beýleki bir ildeşimiz – Aşgabadyň 117-nji mekdebiniň okuwçysy Amanmuhammet Hommadowyň soňky tapgyrdan öň 5 utugy bardy, ol jemleýji döwde Şri-Lankadan halkara derejeli ussat Da Silwany utsa, altyn medal eýeläp biljekdi. Ýöne onuň garşydaşynyň tejribesi köpräk bolansoň, ol bürünç medal gazandy. Amanmuhammet bolsa 40 türgeniň arasynda 5-nji orna düşdi.

Türkmenistanyň toparynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň mekdep okuwçysy Läle Şöhradowa hem bürünç medala mynasyp boldy. Zenanlar toparynda 36 küştçi baýraklar ugrunda bäsleşdi, ildeşimiz şolaryň arasynda mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk gazandy. Läle soňky tapgyrda gara mallar bilen oýnap, ýaryşyň çempiony, Gazagystandan zenanlaryň arasynda halkara derejeli ussat, Läle bilen duşuşmazdan ozal 100% netije gazanan Zeýnep Soltanbekden üstün çykyp, bürünç medal eýeledi. 6 utuk toplan Şri-Lankaly Gunawardana Dewindýa Oşini ikinji orna mynasyp boldy.

Indi nusgawy küşt boýunça 9 tapgyrda medallar toplumy ugrunda ýaryş geçiriler. Günbatar Aziýanyň ýetginjekler çempionaty 6-njy dekabrda blis ýaryşy bilen jemlener.