Ï Türkmenistanly dzýudoçy ilkinji gezek «Uly tuwulganyň» bürünç medalyny gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly dzýudoçy ilkinji gezek «Uly tuwulganyň» bürünç medalyny gazandy

view-icon 3610
Türkmenistanly dzýudoçy ilkinji gezek «Uly tuwulganyň» bürünç medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow şu gün Ýaponiýanyň paýtagtynda tamamlanan «Tokio Grand Slam-2023» ýaryşynda ilkinji gezek bürünç medal gazandy.

Iki günlük bu ýaryşa bäş yklymyň 84 ýurdundan 506 (298 erkek, 208 aýal) türgen gatnaşdy. Olar 7 erkek we 7 zenan agram toparynda 14 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşa gatnaşanlaryň arasynda adygan dzýudoçylar az däldi, şol sanda 5 sany häzirki olimpiýa çempiony (hemmesi-de ýaryş geçirýän ýurtdan) we häzirki 8 dünýä çempiony-da bardy.

Türkmenistandan bolsa 5-si erkek, 3-si zenan bolmak bilen, 8 dzýudoçy gatnaşdy. Olardan diňe birine hormat münberine çykmak miýesser etdi.

Hekim Agamämmedow 66 kilograma çenli agram toparynda bürünç medal gazandy, bu toparda medal ugrunda 35 ýurtdan 48 dzýudoçy bäsleşýärdi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän 1001 belgili harby bölüminiň 24 ýaşly esgeri bu üstünlige barýan ýolda bäş ýeňiş gazandy.

Birinji aýlawda Hekim 2021-nji ýylda Malagada (Ispaniýa) geçen Açyk Ýewropa çempionatynyň, Limada (Peru) geçen Pan Amerika we Okeaniýa çempionatlarynyň bürünç medalçysy ABŞ-ly Ari Berlineri şeksiz ýeňlişe sezewar etdi. Ikinji tutluşykda ol «Waza-ari» bahasy hasabyna 2023-nji ýylda Bakuda geçen Haýdar Alyýewiň Uly tuwulgasy we 2023-nji ýylda Ulanbatorda (Mongoliýa) geçen Uly tuwulga ýaryşynyň we Çeňduda (Hytaý) geçen XXXI Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň bürünç medalçysy azerbaýjanly Ýaşar Näjäfowy ýeňdi.

Üçünji aýlawda ildeşimiz göreşiň ikinji minutynda Potsdamda (Germaniýa) ýaşlaryň (23 ýaşa çenli) arasynda geçen Ýewropa çempionyndan, XXXI Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň kümüş medalçysyndan we Portugaliýa-2023 Gran Pri ýaryşynyň bürünç medalçysy moldowaly Radu Izworeanudan şeksiz üstün çykdy. Emma ýarym finala çykmak ugrundaky göreşde 2023-nji ýyl Portugaliýa Gran Prisiniň 27 ýaşly bürünç medalçysy Daýki Bubeden (Fransiýa) ýeňildi we hormat münberine teselli ýaryşy arkaly çykmaly boldy.

Şondan soňky iki duşuşykda ýeňiji jemleýji hereketden öň goşmaça tutluşykda («Golden skor») kesgitlenmeli boldy, sebäbi tutluşygyň esasy 4 minudy bahasyz tamamlandy. Ine, şu ýerde-de, hakykatyň hatyrasyna, Hekim Agamämmedowyň zordugyny aýtmalydyrys. Ol berk häsiýeti we polat ýaly erkine daýanyp, ilki bilen, «ippon» arkaly «Zagreb-2023»-üň Gran Prisiniň 23 ýaşly ýeňijisi, Pan Amerika oýunlarynyň bürünç medalçysy braziliýaly Willian Limanyň elinden ýeňşi «gaňryp aldy», soň bolsa «Waza-ari» bahasy hasabyna dünýä reýtiňinde 4-nji orunda duran, Ulanbator (Mongoliýa) we Abu Dabi (BAE) «Uly tuwulga-2023»-üň iki gezek bürünç medalçysy mongoliýaly 28 ýaşly Erhembaýar Battogtohy ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Dünýä reýtiňinde häzirki birinji türgen, moldowaly Denis Wieru bu agram toparynda ikinji bürünç medalçy boldy. Hormat münberiniň ikinji basgançagyna Dohada (Katar) geçirilen dünýä çempionatynyň häzirki bürünç medalçysy, Hançžouda geçen (Hytaý) 19-njy tomusky Aziýa oýunlarynyň tas çempiony we 2023-nji ýylda Ulanbatorda geçen Uly tuwulganyň ýeňijisi mongoliýaly Bashu Ýondonperenleýn üstün çykdy. «Tokio Grand Slam-2023»-üň altyn baýragynyň eýesi Tokio Olimpiýa oýunlarynyň çempiony, häzirki dört gezek dünýä çempiony ýaponiýaly Hifumi Abe boldy, ol jemleýji oýnuň ikinji minudynda şeksiz ýeňiş gazandy.

Dzýudoçylaryň şunuň ýaly görnükli toparyna baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmen türgenine bürünç medaly Mongoliýanyň dzýudo birleşiginiň prezidenti Battulga Haltmaagiýn gowşurdy, şondan soň biziň türgenimiziň üstünliginiň hormatyna «Tokio Metropoliten Gimnazium» köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy.

Bu ýaryşlaryň ýeňijileri dünýä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin, baha alýarlar. Ondan öň şunuň ýaly ýaryşlarda ildeşlerimiziň iň gowy netijesi 2014-nji ýylda Bakuda geçen «Uly tuwulgada» Gülbadam Babamyradowanyň 5-nji ýeri eýelemegi bolupdy, ol iki gezek ýeňiji bolup, Daşkentde (Özbegistan), Samsunda (Türkiýe), Tsiňdaoda (Hytaý), Düsseldorfda (Germaniýa), Agadirde (Marokko) we Tbiliside (Gruziýa) geçirilen Gran Pri ýaryşlarynda dört gezek dürli baýrak gazanypdy.

Indi bolsa türkmen dzýudosynyň taryhyna täze sahypa ýazyldy. Hekim Agamämmedowyň «Uly tuwulga» ýaryşynda ilkinji bürünç medalynyň dzýudonyň watanynda – ýaryşlarda adatdan daşary ýokary bäsleşik bolan Ýaponiýada gazanylmagy begendirijidir.

«Tokio Grand Slam-2023»-de gazanan bürünç üstünligi saýasynda ozal dünýä reýtiňinde 42-nji orunda bolan Hekim Agamämmedow reýtiňini 500 utuk ýokarlandyrmak bilen, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýeterlik gujurynyň bardygyny bildirdi.

Hekim Agamämmadowyň ady ilkinji gezek 2022-nji ýylda Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlyk oýunlarynda bürünç medal alanda çykypdy, soňra ol Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilen 32 dzýudoçynyň bäsleşen Ýewropa açyk çempionatynda 66 kg çenli agram toparynda altyn medal gazanypdy. Şu ýyl Sofiýada (Bolgariýa) geçirilen Ýewropa açyk çempionatynda bolsa bürünç baýrak gazanyp, hormat münberine çykdy.

Hekim Agamämmedow dzýudo göreşi bilen Türkmenbaşy şäherinde ilkinji tälimçisi Raşid Huseýnow bilen meşgullanyp başlapdy. Häzirki wagtda erkekler toparynyň baýry tälimçisi Gahryman Amandurdyýewiň, 2024-nji ýyldan başlap, ýapon hünärmeni, Kodokan dzýudonyň ýedinji dan eýesi Kazuhiko Tokunonyň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär. Onuň ýolbaşçylygynda bu ýyl türkmen dzýudoçylary halkara sahnada, şol sanda Hançžouda (Hytaý) geçen 19-njy tomusky Aziýa oýunlarynda, Zagrebde (Horwatiýa) ýetginjekleriň arasynda geçen dünýä çempionatynda, Daşkentde (Özbegistan) geçen ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda, Belarus Respublikasynda geçen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda we beýleki abraýly ýaryşlarda köp medal gazandy.