Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamanyň III möwsüminiň saýlama tapgyrynyň bäşinji bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik bu ýokary okuw mekdebi we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.
Intellektual bäsleşigiň meýdançasynda, däp boýunça, oýunçylaryň sekizisi – Aşgabat şäherindäki hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylary çykyş etdiler. Taslamanyň nobatdaky bäsleşigi «XVIII asyrda – XIX asyryň birinji çärýeginde Gajarlar döwletiniň halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty» diýen tema bagyşlandy.
Bäsleşige gatnaşanlar temany çuňňur bilýändiklerini, taýýarlyklaryny, zehinini we giň dünýägaraýşyny işjeň görkezdiler, bäsleşikde ýaş intellektuallaryň her biri özüniň tapawutlanýandygyny subut etmäge çalyşdy.
Taslamanyň düzgünlerine laýyklykda, oýunçylaryň ikisi ýeňiji diýlip yglan edildi we olar bäsleşigiň ýarym finalyna gatnaşmaga hukuk aldylar. Şeýle hukuga Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 43-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Seýitmuhammet Gurbangeldiýew we Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa eýe boldular.
Eminler toparyna Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen edebiýaty we edebiýat aragatnaşyklary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Çary Kulyýew, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň mugallymy Toýly Hommyýew wekilçilik etdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlaryň ählisine institutyň Hormat hatlary hem-de çäräniň hemaýatkärlerinden – TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Ýaýdan ok atmak boýunça Türkmenistanyň milli federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem «Abadan haly» AGPJ, «Aýdyň gijeler» HJ, «Ýedi dogan» HK, «Muhammet Balkan» HJ, «Düwmejik» HK we «Ak Menzili» HK tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigi «Miras» milli teleýaýlymynyň işgärleri hem-de ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň okuw studiýasynyň wekilleri surata düşürdiler we ýazgy etdiler. Türkmen tomaşaçylary üçin bäsleşik ýakyn günlerde görkeziler.
Okyjylara «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşigiň Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň iri taslamasydygyny ýatladýarys. Ol üçünji okuw ýyly yzly-yzyna geçirilýär hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmaga gönükdirilendir. Oňa Türkmenistanyň mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylary, ýokary okuw mekdebindäki diplomatiýa sungatyna aýratyn gyzyklanma bildirýän hem-de öz geljegini diplomatik wezipeler bilen baglanyşdyrmak isleýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary gatnaşýarlar. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslama okuwçylara arzuwlaryny, maksatlaryny we meýillerini amala aşyrmaga ymtylmaklarynda kömek edýär, oňa has zehinli gatnaşyjylar we onuň ýeňijileri bolmagy başaranlar, eýýäm, Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebiniň talyplarynyň derejesinde bolup, öz arzuwlaryna ýetmäge tarap ýoluny üstünlikli dowam edýärler.