Şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň başlangyçlarynyň kartasy – howanyň hereketi üçin ýaşlar başlangyçlarynyň kartasy» hökmünde «Tegelek stol» geçirildi.
Çäräni guran Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Halkara gatnaşyklary institutynyň rektoraty, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky edarasynyň wekilleri ýaş hünärmenleriň başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bu ýokary okuw mekdebiniň meýdançasyny hödürlemek bilen howanyň üýtgemegi bilen bagly esasy maksat – Türkmenistanda howanyň hereketiniň ýol kartasyny düzmek boldy.
Şol bir wagtyň özünde, başga bir möhüm meselä – ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly habardarlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň ýaş nesliniň ekologiýa meselelerini çözmekde ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselesine garaldy. Tegelek stola gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden daşky gurşaw hereketine gatnaşyjy mugallymlar boldy.
Çykyş edenleriň her biri, adam işjeňliginiň netijesinde ýüze çykýan howanyň üýtgemegi baradaky aladalaryna aç-açan düşünmek bilen ýaşlara daşky gurşaw meselelerini çözmekde has işjeň goşulmagyny goldaýan deliller aýtdylar. Şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreş tagallalarynyň ýaşlar gatnaşmazdan üstünlikli bolmajakdygy bilen hemmeler diýen ýaly ylalaşdylar.
Olar öz garaýyşlary bilen ýaş nesliň kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmakda ep-esli möhüm goşant goşýan daşky gurşaw meselelerine, energiýa we bilimlere barha artýan düşünjesi bilen baha berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalary bölüminiň mugallymy Merdan Nursähedow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ylmy bölüminiň hünärmeni Täçmyrat Baýramgeldiýew anyk mysallar getirdiler.
Tegelek stoluň moderatory, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Gülşat Ýusupowa her bir çykyş edeniň hödürleýän teklipleriniň we başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň howa meselesini çözmekde yzygiderli garaýyşy belläp geçdi.
Häzirki tegelek stoluň geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda bolup geçen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaşlar konferensiýasy tarapyndan gozgalan meseleleriň çözülmeginiň logiki dowamydygyny aýtdy. Soňra Türkmenistanyň ýaşlary howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin bütindünýä hereketine işjeň gatnaşmak kararyna geldiler.
Häzirki tegelek stoldan garaşylýan netije ýurdumyzda howanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri işläp düzmek boldy. Hereket meýilnamasy, esasan, klimat meselelerinde milli bähbitleriň beýanydyr.
BMG-niň Türkmenistandaky edarasynyň utgaşdyryjysynyň wekili Maksat Keşiýew we BMGÖM «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabat we Awaza şäheriniň toplumlaýyn ösüşi» taslamasynyň hünärmeni Jemal Durdykowa öz garaýyşlary we dürli gurluşlaryň işini utgaşdyrmagyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Çekişme tamamlandy we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin ädimme-ädim çäreler düzüldi. Pikir alyşmalar ýaşlarymyzyň, bu ugurda daşky gurşaw meseleleri boýunça ýaş mugallymlaryň ýaşaýan Zeminimiziň umumy abadançylygyny üpjün etmekde ägirt uly gyzyklanmalarynyň bardygyny görkezdi.
Allaberdi Niýazow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki gözlegler ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri.