Ï Zenanlar topary futzal boýunça CAFA 2024 çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlar topary futzal boýunça CAFA 2024 çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder

view-icon 3423
Zenanlar topary futzal boýunça CAFA 2024 çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder

Şu ýylyň 2–12-nji fewraly aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) ýaryşy geçiriler. Sport meýdançasynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň toparlary bäsleşer.

Futzal boýunça zenanlar toparlarynyň arasynda CAFA çempionaty 2022-nji ýyldan bäri geçirilýär. Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysy bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşar. Ýaryşyň guramaçylarynyň pikirine görä, CAFA ýaş oýunçylary barlamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna tälimçiler Kamil Mingazowyň we Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygynda tälim alýan 14 futbolçy wekilçilik eder. «CAFA Women’s Futsal Championship-2024» ýaryşynyň düzgünlerine laýyklykda, ýurdumyzyň milli ýygyndysy Özbegistanyň, Eýranyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň toparlary bilen duşuşar. Ýaryşyň ýeňijisi iň köp gazanan utugy boýunça kesgitlener.

Milli ýygyndynyň esasy oýunçylary paýtagtyň «Altyn täç» toparynyň wekilleridir. Onuň hatarynda welaýatlaryň toparlarynyň türgenleri hem bar. Toparyň türgenleri şulardan ybarat:

Derwezebanlar: Aýşa Amanberdiýewa, Melike Eminowa.

Meýdança oýunçylary: Jeren Mämmedowa, Kamila Mingazowa, Maýa Musaskaýa, Perwana Gurbanowa, Leýli Atajanowa, Swetlana Prýannikowa, Jemile Babaýewa, Malika Mammedowa, Mariýa Çaryýewa, Ejegül Durdyýewa, Läle Haýypowa, Mariýa Hmyrowa.

Türgenlerimiz ilkinji oýunda 4-nji fewralda Gyrgyzystanyň topary bilen duşuşarlar.

«CAFA Women’s Futsal Championship-2024» ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunlarynyň tertibi:

5-nji fewralda sagat 16:00-da: Türkmenistan – Özbegistan;

7-nji fewralda sagat 19:00-da: Täjigistan – Türkmenistan;

9-njy fewralda sagat 16:00-da: Eýran – Türkmenistan.

Duşuşyklar «Warziş TW» teleýaýlymynda görkeziler.