Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň maliýe institutlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär we Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa degişli çäreleri geçirýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde nobatdaky maslahat geçirildi. Onuň çägindäki duşuşyklarda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine garamagy teklip etdiler. Şeýle hem bu mesele Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyza bolan sapary mahalynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýewropanyň Maýa goýum banky 1958-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine girýän 27 döwlet bu bankyň paýdarlary bolup durýar. Bank dünýäniň 160 döwleti, bank edaralary, BMG we beýleki halkara guramalar, jemgyýetçilik düzümleri, hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk edýär. Onuň maýa goýumlary we karz serişdeleri, esasan, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi, innowasiýalar, sanly ulgam, adam maýasynyň ösdürilmegi, kiçi we orta telekeçiligi, durnukly şäherler we sebitler, energiýa, durnukly ulag ýaly ugurlara gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna degişli gepleşikleri geçirmek ýaly meseleler boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa döwletleriniň maýa goýumlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ykdysady taslamalara çekmegiň goşmaça guraly bolup hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara banklar we maliýe guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigini, amatly şertlerde karzlary, maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara bu halkara bankyň maýa goýumlaryny çekmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.