Ï Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy «Gonkong ýyldyzlarynyň» hatarynda Messiniň toparyna garşy oýnady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy «Gonkong ýyldyzlarynyň» hatarynda Messiniň toparyna garşy oýnady

view-icon 2671
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy «Gonkong ýyldyzlarynyň» hatarynda Messiniň toparyna garşy oýnady

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Gonkongyň «Kitçi» toparynyň 32 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň ýyldyzlar toparynyň hatarynda Lionel Messiniň çykyş edýän «Inter Maýami» topary bilen ýoldaşlyk oýnuna gatnaşdy. Oýun 4-nji fewralda Gonkongyň 40 müň adamlyk milli stadionynda geçirildi we 4:1 hasabynda ABŞ-nyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. 

Hatarynda «Barselonanyň» öňki oýunçylary Lionel Messi, Luis Suares, Serhio Buskets we Žordi Alba bolan Dewid Bekhemiň topary Aziýa bäsleşiklerini geçirýär.

Futbol ýyldyzlarynyň gelmegi adada Lionel Messiniň gatnaşmagynda duşuşykdan öň geçirilen türgenleşigi 40 müňe golaý janköýerde uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşyk tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi, ýöne Lionel Messiniň we Luis Suaresiň näsaglygy sebäpli meýdança çykmanlygy olaryň lapyny keç etdi. Emma «Barselonanyň» ozalky oýunçylary Serhio Buskets we Žordi Alba hem 62-nji minutda meýdança çykdylar.

Duşuşygyň başynda garşydaşlar howply hüjüm etdiler, ýöne pökgi derwezäniň sütünine degdi. 8-nji minutda meýdança eýelerinden Mikael jerime meýdançasynyň gyrasyndan derwezäniň kese söýesini sarsdyrdy. Myhmanlardan Gregor muňa jogap edip, derwezäniň sütüniniň berkligini pökgi bilen barlap gördi.

Ruslan Mingazow «Kitçiniň» beýleki bäş oýunçysy bilen bilelikde başdan meýdança çykdy, ol azyndan iki gezek pökgi geçirip biljekdi. 20-nji minutda Oliwer Gerbigiň çep tarapdan geçiren pökgüsini alşy, Deandre Ýedlinden pökgini aňsatlyk bilen goraglap, ony derwezä gönükdirdi – topy derwezeban Dos Santos tutdy. Ýene iki minutdan Ruslanyň 23 metrden uran pökgüsi sütüne degip geçdi.

37-nji minutda R.Mingazow sag tarapdan garşydaşynyň jerime meýdançasyna girdi, ýöne topy gaty öňe goýberensoň ol derwezebanyň paýyna düşdi.

40-njy minutda Amerikanyň topary hasaby açdy. Jerime meýdançasynyň, takmynan, çep burçundan Robert Teýlor pökgini tilsim bilen derwezäniň alysky burçuna gönükdirdi, derwezeban urgyny gaýtarardan ejiz geldi.

Emma myhmanlar arakesmä çenli ýeňşini saklap bilmediler. Duşuşygyň 43-nji minutynda Genri Aniýer Ewerton Kamargodan pökgi alyp, çep tarapdan garşydaşynyň jerime meýdançasyna girip, hasaby deňledi – 1:1. Toparlar şeýle hasap bilen arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymy «Inter Maýaminiň» güýçli artykmaçlygynda geçdi, olar meýdança eýeleriniň derwezesine ýene üç pökgi geçirdiler. Myhmanlardan Louson Sanderlend (50-nji), Leonardo Kampana (56-njy) we Raýan Saýlor (85-nji minutlarda) tapawutlandylar.

Indiki synag oýnunda «Inter Maýami» 7-nji fewralda Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» topary bilen duşuşar. 16-njy fewralda Dewid Bekhemiň topary Messiniň «Newell's Old Boys» topary bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär we 22-nji fewralda ABŞ-nyň ýokary ligasynyň täze möwsüminiň başynda «Real Duz Leýk» bilen oýnar.

Ruslan Mingazow oýnuň birinji ýarymyny doly oýnady we oýnuň ikinji ýarymynyň başynda başga oýunçy bilen çalşyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi bilen söhbetdeş boldy we onuň bilen ýadygärlik surata düşdi. R.Mingazowyň aýtmagyna görä, ol argentinaly meşhur oýunça Türkmenistanda hem Messiniň janköýerleriniň köpdügini, ony gowy görýändiklerini aýtdy we oňa geljekde hem üstünlik arzuw etdi.

Ruslan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Wasiliý Karpowdan tälim aldy, ol Aşgabadyň «Köpetdagynyň» we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki tanymal oýunçysy Kamil Mingazowyň ogludyr. 2008-nji ýylda «Aşgabat» toparynyň hatarynda Türkmenistanyň çempiony we Naýbaşy kubogynyň ýeňijisi boldy. 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň milli ýygyndysyna yzygiderli çagyrylýar.

Ruslan Ýewropanyň birnäçe toparynda oýnady. Riganyň «Skonto» toparynyň düzüminde 2010-njy ýylda Latwiýanyň çempiony, 2012-nji ýylyň Kubogynyň we 2013-nji ýylyň Super kubogynyň eýesi, şeýle hem 2011-nji ýylda Baltika ligasynyň ýeňijisi boldy. 

Ruslan Mingazow, şeýle hem Çehiýanyň çempionatynda «Ýablones», «Slawiýa», «Mlada-Boleslaw», «Prşibram» toparynda oýnan ilkinji türkmen futbolçysydyr. 2016-2017-nji ýyllar möwsüminde Praganyň «Slawiýa» toparynyň hatarynda milli çempionatda altyn medal eýeledi. Çehiýadan soň, Gazagystanyň «Irtyş», «Şahtýor» we «Kaspiý» toparynda oýnady.

2022-nji ýylyň martynda Ruslan Mingazow erkin oýunçy hökmünde «Kitçi» bilen şertnama baglaşyp, Gonkongyň futbol çempionatynda çykyş edýän ilkinji türkmen daşary ýurtly oýunçysy boldy. 2022-2023-nji ýyllar möwsüminde Gonkongyň premýer-ligasynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

Geçen ýyl R.Mingazow «Kitçi» bilen bilelikde Gonkongyň Kubogyny eýeledi, ýurduň çempiony we Gonkong Senýor Shild baýragyny eýeledi. 2023-nji ýylyň başynda «Kitçi» futbol topary Ruslan Mingazow bilen şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaldylýandygyny habar berdi.