Ï Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük edaralarynyň işgärlerini taýýarlamakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük edaralarynyň işgärlerini taýýarlamakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

view-icon 3034
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük edaralarynyň işgärlerini taýýarlamakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň işgärleri bilen Russiýanyň gümrük akademiýasynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk boldy.

Rus wekiliýetine Russiýanyň gümrük akademiýasynyň işgärlerini uzak aralykdan öwrenmek, gaýtadan taýýarlamak ýokary okuw mekdebiniň direktory Olga Saenko ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyk 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda gol çekilen işgärleri taýýarlamak ugrundaky hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde guraldy.

Taraplar gümrük hyzmatlary, hususan-da, bilim tehnologiýalaryny alyş-çalyş etmek we okatmak usullary babatda işgärleri taýýarlamak pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin ýöriteleşdirilen maslahatlary we konferensiýalary guramak meselesine garadylar.

Gümrük profiline eýe bolan ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebi bolmak bilen, Russiýanyň Gümrük akademiýasy Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük edaralary, şeýle hem ýokary hünär bilim maksatnamalaryna laýyklykda GDA agza ýurtlaryň gümrük hyzmatlary üçin gündizki we gaýybana okuwlary guraýar.