Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärlerinden ybarat wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak ugrunda alnyp barylýan gepleşiklere taýýarlyk görmek maksady bilen, haryt bazaryna çykmak üçin geçirilýän gepleşikleriň aýratynlyklary boýunça gysga möhletli okuwa gatnaşdy. Okuw 7 – 12-nji oktýabry aralygynda Ženewada geçirildi.
Oňa Azerbaýjandan, Bagamadan, Butandan, Belarusdan, Yrakdan, Liwiýadan, Somaliden we Özbegistandan BSG-ä girmek boýunça işleri alyp barýan hünärmenler hem gatnaşdy. Okuwda leksiýalar, amaly tabşyryklar, şeýle hem «tegelek stol» başynda çekişmeler boldy.
Okuwa gatnaşanlar interaktiw sapaklaryň dowamynda BSG-niň standart şertlerini göz öňünde tutmak bilen, öz ýurdunyň tutýan ornuny hyzmatdaşlar bilen ylalaşdyrmak nukdaýnazaryndan gepleşiklerde oňat netije gazanmagyň ýollaryny öwrendiler we nyrhnamalar hem hyzmatlar boýunça borçnamalaryň takyk kesgitlemelerini işläp düzmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek ugrundaky gepleşikler nyrhlar, oba hojalygy we hyzmatlar boýunça birnäçe ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn duşuşyklary öz içine alýar.