Ï Türkmenistanly agyr atletikaçy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly agyr atletikaçy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi

view-icon 8492
Türkmenistanly agyr atletikaçy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi

Türkmen türgeni Gaýgysyz Töräýew Daşkentde (Özbegistan) geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ştangany itekläp götermekde we iki synanşygyň jemi boýunça iki bürünç medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby olimpiýa maksatnamasyna girmeýän 81 kilograma çenli agram derejesinde 10 türgeniň arasynda medallar ugrunda bäsleşdi.

Gaýgysyz Töräýew iki synanşykda 337 kg (silterläp – 148 kg, itekläp – 189 kg) – sentýabr aýynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen dünýä çempionatynda görkezilen iň gowy netijesinden 6 kg az ştanga göterdi, şol ýaryşda ildeşimiz itekläp götermek boýunça (193 kg) bürünç medal eýeledi, jemi 343 kg netije bilen 6-njy orny eýeledi.

Şeýlelik bilen, ildeşimiz Hançžouda (Hytaý) geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Aleksandr Uwarowdan (Gazagystan) – 343 kg (153 + 190) 6 kg we ştangany silterläp götermekde we iki synanşygyň netijesi boýunça Aziýa oýunlarynyň iki rekordyny goýan, Hançžouda geçirilen Aziadanyň we Dohada (Katar) geçirilen II Baş baýrak halkara ýaryşynyň çempiony, Aziýa çempiony bolan Ri Çon Sondan (KHDR) 369 kg (169 + 200) 32 kg pes netije görkezdi.

11-nji aprelde 21 ýaşy dolýan Gaýgysyz ozalam iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläpdi. Geçen ýylyň iýun aýynda Gawanada (Kuba) geçirilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Olimpiýa oýunlaryna saýlama Baş baýrak ýaryşynda iki maşkda we jemi netije boýunça 319 kg ştanga bäs gelip, kümüş medallaryň üçüsini gazandy. Iýul aýynda Nýu-Delide (Hindistan) geçirilen ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda itekläp (178 kg) altyn, silterläp (147 kg) we iki maşkda (325 kg) iki kümüş medal eýeledi.

Sport ussady Gaýgysyz Töräýew Sakarçäge etrabynda tälimçi Şatlyk Durdygylyjowyň elinde agyr atletika bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mansur Rejebowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Aziýa çempionatynda Türkmenistana 12 türgen (7 erkek we 5 zenan) wekilçilik edýär.

Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýän 55 kg çenli agram derejesinde 4 türgeniň baýrak ugrunda bäsleşen ýaryşynda 2018-nji ýylda 45 kilograma çenli agramda dünýäniň çempiony bolan Ýulduz Jumabaýewa bürünç baýraga ýetmän galdy. Ol jemi 192 kg (silterläp 86 kg, itekläp 106 kg ) netije bilen bürünç medal gazanan Nigora Abdullaýewadan (Özbegistan) iki maşkda 174 kg (silterläp 77 kg, itekläp 97 kg) ştanga göterip, 18 kg pes netije görkezdi. Kang Hyun Gon (KHDR) – 227 kg (104 + 123 kg) ştanga bäs gelip, Aziýanyň çempiony boldy. Kümüş medaly Çen Guang-Lin (Taýwan) – 204 kg (89 + 115 kg) agramda eýeledi.

Beýleki bir türgenimiz Kristina Şermetowa 195 kg (silterläp 85 kg, itekläp 110 kg) netije bilen 59 kilograma çenli agram derejesinde bäşinji orny eýeledi, bu ýaryşda 10 ýurtdan 11 gatnaşyjy bäsleşdi. Bu agramda Kim Il Gýon (KHDR) – 225 kg (103 + 122) çempion boldy. Ikinji orny Elrin Ann Ando (Filippinler) – 213 kg (93 + 120), Natasýa Beteýob (Indoneziýa) – 212 kg (96 + 116 kg) üçünji orny eýelediler.

34 ýurduň agyr atletikaçylary erkekleriň we zenanlaryň arasynda on agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşýärler. Aziýa çempionaty 10-njy fewralda tamamlanar.