Ï Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň BUNKER-2001 konwensiýasyna goşuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň BUNKER-2001 konwensiýasyna goşuldy

view-icon 2590
Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň BUNKER-2001 konwensiýasyna goşuldy

Halkara Deňiz Guramasy Türkmenistanyň «Bunker ýangyjy zerarly ýüze çykýan hapalanmadan gelýän zyýan üçin raýat jogapkärçiligi baradaky halkara konwensiýa» (BUNKER-2001) goşulmagyny oňlady.

Türkmenistan üçin bu konwensiýa 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde güýje girer, bu bolsa ýurduň gämileri bunkerleme hyzmatlarynyň çäginde halkara talaplary ýerine ýetirmegini üpjün eder.

BUNKER-2001 konwensiýasy Halkara deňiz guramasy tarapyndan 2001-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edildi we 2008-nji ýylyň 23-nji noýabrynda güýje girdi. Konwensiýanyň esasy maksady ýeke-täk halkara ülňüsini kabul etmek we bunker ýangyjy zerarly hapalanma üçin jogapkärçiligi kesgitlemek hem öwezini dolmak meseleleri boýunça işleri kesgitlemekden ybaratdyr. Konwensiýa laýyklykda, bunker ýangyjy gämi hereketlendirijilerini işletmek üçin ulanylýan ýangyçdyr.

Häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdy, şol sanda Hazarýaka döwletler: Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy BUNKER-2001 konwensiýa gatnaşýar. Türkmenistanyň bu konwensiýa goşulmagy ýurduň gämi gatnawynda halkara ülňüleri kabul etmegi ugrundaky ýene bir ädim boldy. Ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistan dünýä deňiz gämi gatnawyny halkara ülňülere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak we sadalaşdyrmak maksady bilen, Halkara deňiz guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek boýunça konwensiýasyna-da goşulmak isleýändigini mälim etdi.