Ï Daşoguzda ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi guruldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi guruldy

view-icon 2820
Daşoguzda ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi guruldy

Daşoguzda hersi 16 öýli dört gatly jaýlaryň dördüsi guruldy. Olary «Dagly çemen» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bina etdiler.

Täze binalar şäheriň demirýol menziliniň golaýyndaky A.Nyýazow köçesinde guruldy. Jaýlaryň hersinde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, giň, beýik üç we dört otagly öýler bar. 

Dört otagly öýleriň umumy meýdany 200, üç otagly öýleriň 171 inedördül metr. Otaglaryň beýikligi 3 metr 30 santimetr. Otaglar balkonly. Täze binalara ýanaşyk ýerler hem abadanlaşdyryldy, yşyklandyryldy we ol ýerlerde agaçlar ekildi. Häzirki wagtda tehniki kommunikasiýalaryň işleýşi barlanýar.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkeziniň dürli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi guruldy, olardan zerur durmuş-medeni desgalary bolan täze ýaşaýyş toplumy kemala getirilýär.

Şäher gurluşygynyň şeýle depginli güýçlendirilmegi ýerli ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmaga we şäheriň täze döwrebap binagärlik keşbini kemala getirmäge ýardam edýär, ýaşaýyş jaý pudagynda häzirki zaman köp gatly binalaryň paýyny artdyrýar.

Häzirki zaman şäher gurluşygynyň talaplaryna laýyklykda ýer we tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyna, şeýle hem dürli inžener-tehniki kommunikasiýalara, hil we ekologiýa meselelerine barha köp üns berilýär.