Ï Tehnikalar ýaz ekişine doly taýýarlyk ýagdaýynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnikalar ýaz ekişine doly taýýarlyk ýagdaýynda

view-icon 2880
Tehnikalar ýaz ekişine doly taýýarlyk ýagdaýynda

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatyň çäginde hereket edýän tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna hem-de daýhan birleşiklerine degişli bolan oba hojalyk gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmegi aýratyn bellärliklidir.

Has takygy, şu döwre çenli welaýatda bar bolan 4 hatarly СЧН – 4БЭ Pes – 4 görnüşli kämil ekijileriň 336 sanysy, «Monosem» görnüşli takyk gowaça ekijileriň 64 sanysy, «Gaspardo», «Gansa-31» kysymly takyk gowaça ekijileriň hem 30-dan gowragy tehniki taýdan gözden geçirilip, möwsüme doly taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Gowaça ekijiler bilen birlikde gögeriş gazanylan ýerlerde gowaçalaryň hatarara bejergisini geçirmeklige niýetlenen oba hojalyk gurallarynyň, ýagny mineral dökün berijileriň ýüzlerçesi, 6 hatarly «Orthman-8325» görnüşli kultiwatorlaryň 66,9 hatarly «Orthman-8375» kysymly kultiwatorlaryň 33 sanysy, şeýle hem KHU 4B görnüşli kultiwatorlaryň hem 940-a golaýy gözden geçirilip, möwsüme taýýarlyk ýagdaýyna getirilipdir.

Bulardan başga-da welaýatda borona malalaryň 7 müň 300-e golaýy doly abatlanylyp, jogapkärli möwsüme taýýar edilipdir. Ýeri gelende gowaça ekişi möwsüminde işlediljek tehnikalar, ekijiler we tirkeg gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň hem ýeterlik mukdarda öndürilýändigini belläp geçmek möhümdir. Sebitde bu ugurda zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary, esasan, Türkmenabadyň tejribe – synag abatlaýyş zawodynda ýasalýar. Bu ýerde plastikden, ýagny polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.

Bu bolsa ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän zawod bilen birlikde daýhan birleşikleri üçin hem örän amatlydyr. Lebap welaýatynyň oba hojalykçylarynyň örän jogapkärli möwsüm bolan ýaz ekişine ykjam we ählitaraplaýyn taýýarlykly gelmekleri, olaryň gowaça ekişini bellenilen möhletde, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirjekdiklerine güwä geçýär.