Ï Daşoguz we Balkan welaýatlary bir energiýa halkasy bilen birleşdiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz we Balkan welaýatlary bir energiýa halkasy bilen birleşdiriler

view-icon 2809
Daşoguz we Balkan welaýatlary bir energiýa halkasy bilen birleşdiriler

Daşoguz welaýatynda Balkan welaýaty bilen Daşoguz welaýatyny birleşdirýän 500 kW ýokary elektrik ulgamynyň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär.

Ol ýurdumyzda ýeke-täk energiýa halkasyny döretmek boýunça alnyp barylýan tagallalaryň çäginde gurulýar. Bu işlere döwlet we hususy kärhanalar gatnaşýar.

Şeýlelik bilen, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň buýurmasy bilen «Altyn Tug» hususy kärhanasynyň hünärmenleri topara bölünen ugurda eýýäm 131 direg we 50 kilometr sim oturdýarlar. Ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri ýüz kilometre çenli uzap gidýän özlerine berkidilen ugurda 102 kilometr sim oturdylan 262 sany demir direg gurdular.

Beýleki şertnamalaýyn guramalar hem şu günler ýokary depginde işleýärler. Täze elektrik ulgamynyň gurluşygynda şeýle işler Şabat we Akdepe, şeýle hem Görogly we Ruhubelent etraplarynyň çäginde hem alnyp barylýar. Onuň umumy uzynlygy 276 km.

Ol sarp edijileri ygtybarly we üznüksiz elektrik togy bilen üpjün eder, elektrik torlarynyň işleýşini artdyrmaga we artykmaç öndürilen elektrik energiýasyny ýurduň bitewi halkasyna ugrukdyrmaga mümkinçilik berer.