Ï «Hemsaýa» hojalyk jemgyýeti halkara şahadatnamasyny aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hemsaýa» hojalyk jemgyýeti halkara şahadatnamasyny aldy

view-icon 163
«Hemsaýa» hojalyk jemgyýeti halkara şahadatnamasyny aldy

Türkmenistanda badam ösdürip ýetişdirýän «Hemsaýa» HJ «GLOBALG.A.P» halkara şahadatnamasyny aldy. «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «Hemsaýa» Türkmenistanda badam öndürýän iň uly hojalyk jemgyýetidir.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynda ýerleşýän bu hojalyk jemgyýeti ýerli ilatdan bolan 70-den gowrak adamy iş bilen üpjün edýär. Şahadatnama bermek üçin ilkinji barlag «GLOBALG.A.P» Integrated Farm Assurance (IFA) 6.0 Smart standartynyň talaplaryna laýyklykda geçirildi. Ol badam ösdürip ýetişdirmekden başlap, hasyl ýygnalandan soňky önümçilik toplumynda arassalamak, sortlamak, gaplamak, saklamak we daşamak ýaly önümçilik işleri öz içine alýar.

Barlagyň çäginde USAID-iň Merkezi Aziýada söwda maksatnamasy «GLOBALG.A.P» şahadatnamasy üçin geňeşçi we auditor bolmagy meýilleşdirýän 11 sany ýaş hünärmenler üçin tejribelik okuwyny gurady. Bu hünärmenler degişli derejäni alanyndan soň, ýerli bilermenler toparyny ösdürmek üçin gymmatly çeşmä öwrüler. Şahadatnama almak «Hemsaýa» HJ üçin üpjün edijileriniň önümleriniň howpsuzlygyna we hiline berk talaplary bildirýän azyk önümleriň bölek satuw ulgamy bilen gönüden-göni söwda etmek üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarýar.

2024-nji ýylyň maý aýynda «Hemsaýa» HJ Türkmenistanyň sekiz sany öňdebaryjy oba hojalyk öndürijisiniň biri hökmünde «Türkmenistanda öndürilen» atly milli diwarlygynyň astynda Italiýanyň Rimini şäherinde geçirilen «Macfrut 2024» halkara sergisine gatnaşdy. «Hemsaýa» HJ sergide dünýäniň dürli künjeginden gelen müşderilere önümlerini görkezdi we daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen täze eksport gatnaşyklaryny ýola goýdy.