Ï Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri giňeldilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri giňeldilýär

view-icon 3971

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 11 — 14-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy.

Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly we okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tebigy baýlyklaryň baý gorlarynyň bolmagy, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny giň ugurlarda çuňlaşdyrmagyň esasy şerti bolup çykyş edýär.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýuldy. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň baý tejribesi däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýän iki ýurduň hoşniýetli erk-isleginiň aýdyň nyşany bolup, ol bar bolan ägirt uly kuwwata, döwletleriň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Munuň şeýledigine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara, sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň tejribesi, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparlarynyň barşynda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary döwletara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde möhüm waka boldy. Saparyň jemleri boýunça, ilkinji nobatda, nebitgaz, energetika, ulag-aragatnaşyk ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistanyň we BAE-niň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirmekleri söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň uzak möhletleýin wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyň baş şerti bolup durýar. Iki ýurduň ministrlikleriniň, maliýe düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikler, bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda özara tagallalaryň işjeňleşdirilýändigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri hem munuň nobatdaky güwäsi boldy.

Wekiliýetiň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar, gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda yzygiderli, özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ýokary derejedäki syýasy dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekde şu gezekki saparyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna we milli bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan meýiller tassyklanyldy. Şonuň ýaly-da, däp bolan türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilip, geljekde özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.

Geçen ýylda dabaraly açylan Arkadag şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meseleleri duşuşyklaryň esasy mazmunyny düzdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn innowasion ösüşini, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmagy maksat edinýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Jou Siýong bilen geçirilen duşuşykda bellenilişi ýaly, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täze şäher sebitde deňsiz-taýsyz bolup, onuň durmuş ulgamy öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk hem-de “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň nusgasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynda, hususan-da, lukmançylyk klasterini döretmekde ÝUNIDO-nyň tejribesini ulanmak meselesi giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça özara pikir alşyldy. Hyzmatdaşlygyň baý mümkinçilikleri netijeli gatnaşyklary dürli ugurlarda çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Taraplar birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgeleri esasynda ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, Türkmenistan we BAE üçin derwaýys strategik ugurlarda geljegi uly mümkinçilikleri doly güýjünde netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi maksat edinýär. Mälim bolşy ýaly, döwletimiziň ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmak, uglewodorod serişdelerini gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň işiniň netijeliligini artdyrmak bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasatyň esasy ugurlarydyr. Şunuň bilen birlikde, mawy ýangyjyň örän baý ýataklaryny özleşdirmek we energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Tebigy gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ulag-logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizildi. Şeýle-de duşuşykda ozal gazanylan we gol çekilen şertnamalary, ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlary giňişleýin maslahatlaşyldy.

Türkmenistan soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmak babatda taslamalary ilerletmäge gönükdirilen işleri alyp barmak esasynda “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegine uly üns berýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singh bilen geçiren duşuşygynda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda bilelikde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan degişli ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Senagat ösüşi boýunça guramasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde taraplar ýurdumyzda IRENA-nyň ýerli edarasyny açmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Dubaýyň Elektrik we suw üpjünçilik departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen bolan duşuşygyň barşynda suw hojalygy, elektroenergetika ýaly pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garaldy. Ýurdumyzyň wekiliýet agzalary BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al Jaber hem-de Abu-Dabiniň Geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al Ramahi bilen hem gepleşikleri geçirdiler. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli düzümleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bu ugurda BAE-niň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri pikir alyşmalaryň esasy özenini düzdi. Wekiliýet agzalary iki ýurduň ýokary döwlet ýolbaşçylarynyň derejesinde gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, olarda göz öňünde tutulan wezipeleri ýakyn geljekde durmuşa geçirmekde anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny bellediler.

Birleşen Arap Emirliklerinde bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS — 2024) mejlisine gatnaşdylar. “Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde edilen çykyşda bellenilişi ýaly, häzirki zaman şertlerinde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge, ýüze çykýan üns bermeli wehimleri, kynçylyklary ýeňip geçmäge gönükdirilen oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegi uly ähmiýete eýe bolýar. Şunda Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy, ählumumy maksatlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmelerinidir hereketlerini anyk kesgitleýändigine hem-de amala aşyrýandygyna üns çekildi.

Ulag arabaglanyşygy we durnuklylygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň ählumumy derejede özgerýän şertlerinde durnukly ulag ulgamyny, özara logistik arabaglanyşygy ösdürmegiň, dünýä derejesinde ygtybarly ulag-aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmegiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde degişli ugurda halkara hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda durnukly ulag ulgamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň alty Kararnamasynyň kabul edilendigi aýdyldy.

Şunuň bilen bir hatarda, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny döretmek bilen bagly teklipler beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, onuň esasy düzümi şu wezipeleri öz içine alar: bilelikdäki uzak möhletleýin işleriň anyk yzygiderliligini üpjün etmekde Hökümetleriň, halkara guramalaryň, barlag edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy; dürli gollanma çeşmelerini birleşdirýän seýrek maglumatlaryň alşylmagyny ýeňilleşdirýän açyk maglumatlar meýdançasy; hökümetara derejede özara ylalaşylan çözgütleriň esasynda maglumatlary yzygiderli seljermek we olary işlemek.

Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýän energetika howpsuzlygy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu babatda döwletimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç Kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi. Şunda energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň häzirki zaman energetika pudagynda öňe sürülýän köptaraply başlangyçlaryň ählisiniň gönüden-göni baglanyşýan ugry we olary üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýändigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hökümetleriň, energetika kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň hyzmatdaşlygynyň täze halkara meýdançasyny döretmek; energetika töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça iň gowy tejribeleriň alşylmagyny üpjün etmek; energiýa serişdeleriniň üpjünçiliginde bökdençlikleriň ählumumy we sebit çözgütleriniň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak; halkara strategik ähmiýetli energetika düzümleriniň taslamalaryny bilelikde maliýeleşdirilmegini goldamak; açyk, bäsdeşlige ukyply energetika bazarlaryny emele getirmekde hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns çekildi.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan tarapyndan gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň hökümetlerine Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek teklip edildi. Şunda hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek babatda maksatlaryň bölünmezligi, özara arabaglanyşygy hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ýörelgesi bolmalydyr.

Durnukly ösüşiň üstünligi, köp babatda, milli, sebit we ählumumy derejede ykdysady çemeleşmeleri täzelemäge bolan ukyba baglydyr. Bu işe 2022-nji ýylyň dekabrynda zyňyndylaryň nol derejesine ýetmek boýunça BMG-de öňe sürlen ählumumy çäreleriň çäklerinde aýratyn üns berilýär. Dünýäniň ilatynyň çalt depginde ösýän we gaty görnüşdäki hojalyk zyňyndylarynyň barha artýan häzirki şertlerinde döwletleriň hökümetleriniň esasy wezipesi daşky gurşawa täsiri iň az derejä ýetirmek arkaly, bar bolan tebigy baýlyklary dolandyrmakdan ybaratdyr. Munuň üçin döwletara derejede tagallalaryň hem-de çemeleşmeleriň birleşdirilmegi möhümdir. Bu ykdysady aýlanyşyga diňe bir düşünje hökmünde däl-de, eýsem, geljek nesiller üçin durnukly ösüşi saklamakda rejeli sarp etmek usullaryna köpçülikleýin hereket hökmünde garamaga-da mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça Çarçuwaly ählumumy maksatnamany işläp taýýarlamak teklibi öňe sürüldi. Umumy standart görkezijiler we hasabatlylyk; seýrek, möhüm çeşmeler boýunça halkara hyzmatdaşlyk; Ýapyk aýlanyşykly tehnologiýalaryň ählumumy innowasion gaznasyny döretmek; mümkinçilikleri artdyrmak we bilimleri özara alyşmak maksatnamalaýyn resminamanyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.

Umuman, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine döwletara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iş saparynyň jemleri däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Bütindünýä hökümet sammitinde beýan edilen toplumlaýyn başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi bolsa ýakyn döwürde geljegiň ählumumy durnukly ykdysadyýetini kemala getirmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze giňişligini döretmäge goşant bolar.