Ï Döredijilikli syýasat we netijeli hyzmatdaşlyk — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilikli syýasat we netijeli hyzmatdaşlyk — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti

view-icon 4499

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny ynamly durmuşa geçirmegini dowam etdirýär.

13-nji fewralda döwlet Baştutanymyz “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza şu gezekki saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda, hususy bölekde ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ornuny bellediler. Hemra aragatnaşygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.

14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, goranmak ukybyny berkitmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli işler mundan beýläk-de dowam etdiriler.

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Täze kanunlar Watanymyzy depginli ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam bermelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek, önümçilik desgalaryny işjeň ýagdaýda saklamak, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeler ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda suwy tygşytly ulanmagyň, suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtap, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem dokma kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň wajypdygyny aýdyp, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegi, milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak, ösüp gelýän nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri guramak boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, üstaşyr hem-de halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyna üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we tizleşdirmek, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti we bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy hereketler, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary ýaly esasy alty mesele boýunça halkara ähmiýetli çäreler geçirildi.

Sammitiň işine dünýäniň 120-den gowrak döwletinden, 80-den gowrak halkara guramadan, iri kompaniýalardan wekiller gatnaşdylar. Bu forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän üç mesele barada çykyş edildi. Şeýlelikde, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklip edildi. Munuň özi 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlen “Aşgabat prosesiniň” amaly taýdan dowamy bolar. Bu teklip ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, açyk maglumat binýadynyň we seljermeleriň esasynda özara ylalaşykly hereketleri işläp düzmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek teklip edildi. Onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy wezipesi hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen maksatlaryň bölünmezligini we özara baglanyşygyny goldaýan taraplaryň meýdançasyny emele getirmekden ybaratdyr. Üçünji teklip durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýapyk aýlanyşykly, ýagny sirkulýar ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Bu maksatnama döredilende 4 sany esasy ugra daýanmak meýilleşdirilýär. Olar bitewi standart görkezijileri we hasabatlylygy ýöretmekden, aýratyn wajyp tebigy serişdeler babatda halkara derejede hyzmatdaşlyk etmekden, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýetiň tilsimatlarynyň ählumumy innowasion gaznasyny döretmekden, mümkinçilikleri artdyrmakdan we tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Agzalan teklipleri halkara derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem sammitiň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) Baş direktorynyň orunbasarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda senagat, gurluşyk we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş saparynyň dowamynda BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al Jaber, Abu-Dabiniň Geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al Ramahi, Dubaýyň Elektrik we suw üpjünçilik departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi.

2023-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäherini döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň wekiliýetiniň geçiren duşuşyklarynyň esasy meseleleriniň biri boldy. Täze şähere emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş ulgamlarynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemini jemläp, ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölegini meýilleşdirilen möçberde ýerine ýetirmek babatda işleri dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

2024-nji ýylyň ilkinji aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard 545 million manada deň boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim köpdür. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen bir hatarda, bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mejlisde utgaşykly görnüşde geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Parlamentara Birleşigiň Baş sekretarynyň, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzirki zaman dünýäsinde parlament diplomatiýasynyň barha artýan orny göz öňünde tutulanda, şeýle duşuşyklaryň ähmiýeti uludyr.

Birleşen Milletler Guramasy bilen milli we parlamentara birleşikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksadyndan ugur alnyp, kanun çykaryjylyk işlerinde, öňdebaryjy innowasiýalar boýunça tejribe alyşmakda, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplygyň, dialogyň ýörelgelerini öňe sürmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýakyndan gatnaşyk saklamaga taýýarlyk beýan edildi. Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynyň işiniň netijeleri öňe sürlen teklipleriň hem-de garaýyşlaryň esasynda kabul edilen Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.

Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda Ahal welaýatynda geçirilen, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasyny görkezmek bolar.

18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu öňdengörüjilikli strategiýa hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar. Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygy we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär.

Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Germaniýanyň, Eýranyň, Italiýanyň we Türkiýäniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş etdiler.

Milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.