Ï Türkmenistanyň Ilçisi Ýerewan Döwlet uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisi Ýerewan Döwlet uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi

view-icon 4114
Türkmenistanyň Ilçisi Ýerewan Döwlet uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplarynyň öňünde “Magtymgulynyň filosofiki mirasy – Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy” mowzugynda umumy sapak berdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň häzirki wagtdaky daşary syýasatynyň konseptual esasynyň Magtymgulynyň öz döwründe wagyz eden  we arzuw eden ideallary hökmünde häsiýetlendirilýändigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň häzirki wagtdaky daşary syýasaty – türkmen döwletiniň bitaraplyk syýasatynyň esasyny düzen pikirleri, Türkmenistanyň syýasy-diplomatiki ugrunyň pähim-paýhas, dowamlylyk we şol bir wagtda täzelik hem-de ähmiýetlilik çeşmesi bolmagyna galýar.

Şeýle hem okuw sapagynda Şahyryň öz goşgularynda bütin adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara, ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwer, watansöýüji we adalatly bolmaga çagyrýan maglumatlaryň bardygy nygtaldy.

M.Aýazow türkmen-ermeni medeni-edebi gatnaşyklarynyň üstünde durup, ermeni ýazyjy-şahyrlaryň eserleri, şeýle hem ermeni awtorlaryň makalalary türkmen diline terjime edilip, olaryň Türkmenistanyň dürli edebiýat neşirlerinde we žurnallarynda çap edilendigini belledi

Çäräniň ahyrynda ermeni türkologlary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ermeni dilinde okadylar we talyplara türkmen klassiki goşgularynyň ermeni diline terjime edilen paýlama materiallaryny berdiler.