Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Maliýe-ykdysadyýet toplumy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Maliýe-ykdysadyýet toplumy

view-icon 3093

Syn berilýän 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň batly depgini diwersifikasiýa usulynda durnukly ösýändigi, önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň artýandygy, maýa goýum işjeňligi hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi bilen häsiýetlendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ykdysadyýet we durmuş ulgamlaryny bazar gatnaşyklary hem-de sanlylaşdyrmak esasynda özgertmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak babatda döwlet syýasatynyň baş maksadyny amala aşyrmakda toplumlaýyn wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Munuň şeýledigine ýurdumyzda 2023-nji ýylda gazanylan makroykdysady görkezijiler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,3, gurluşykda 2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4, söwdada 12,8, oba hojalygynda 4,4, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy.

Syn berilýän ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.

Halkara standartlara laýyk gelýän statistika usulyýeti esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi.

Maliýe-ykdysadyýet toplumy Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylyşyny we özleşdirilişini üpjün etmek, milli ykdysadyýeti düzümleýin özgertmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini ilerletmek, şeýle hem hususy pudagyň paýyny artdyrmak arkaly onuň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy boýunça ulgamlaýyn işini giňeltdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jemi içerki önümde maýa goýumlaryň eýeleýän paýyny artdyrmagy, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin baý çig mal serişdelerini gaýtadan işleýän, häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhanalary döretmegi, şeýle hem dünýä bazarlaryndaky çylşyrymly ýagdaýlara hemişelik gözegçiligi amala aşyrmagy maksat edinýän öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň netijesinde, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär.

Makroykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maýa goýum syýasatynyň netijeliligini artdyrmak üçin geçen ýyl bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmaga, standartlaşdyrmak hem-de statistika edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, maýa goýumlaryň çekilmegine uly üns berildi.

“Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmelerde bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň durnuklylygyny saklamak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Bu ugurda alnyp barylýan innowasion özgertmeler banklaryň maýalaşdyryş derejesini ýokarlandyrmaga, maliýe serişdeleriniň binýadyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň gerimini giňeltmäge, innowasion bank önümlerini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Ulgama täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ilata töleg-hasaplaşyk, depozit we beýleki hyzmatlary banka barmazdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 2023-nji ýylda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldi, maliýe karz edaralarynda hyzmatlaryň täze görnüşleri ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin oňaýly makroykdysady şertleri döretmekden ybarat bolup durýar. Bu maksatlara ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan döwlet bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr.

Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, has köp zähmeti talap edýän işler awtomatlaşdyrylyp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi hem-de hili ýokarlandyrylýar.

Geçen ýyl ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde milli puluň we bank ulgamynyň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de artdyrmak, halkara maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, pul-karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem bank ulgamyna tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan çäreler durmuşa geçirildi.

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny edinmek üçin ýeňillikli karzlaryň möçberi yzygiderli ýokarlandyrylýar, maliýe-bank hyzmatlary has-da kämilleşdirilýär.

Programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanylyp, sanly ykdysadyýete geçmek işi üstünlikli amala aşyrylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we sarp edilýän wagty gysgaltmaga hem mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, bu çäre banklara pul akymlaryna gözegçiligi amala aşyrmaga, degişli çözgütleri kabul etmäge şert döredýär. Durmuşa geçirilýän yzygiderli işleriň netijesinde, milli pul birligimiziň dolanyşygy häzirki zaman elektron görnüşinde hem yzygiderli işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, goýumçylaryň we maýadarlaryň bähbitlerini goramagyň netijesinde, olaryň bank ulgamyna ynam derejesi ýokarlanýar. Ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär. Ol töleg terminallarynyň, “Internet bank” we “Mobil bank” hyzmatlarynyň kömegi arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge, internetiň üsti bilen goýumlaryň galan möçberlerini we goýumlaryň göterimlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň konsepsiýasynyň esasy ýörelgesi serişde, senagat, zähmet hem-de aň-paýhas mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu strategiýanyň netijeliligi, ozaly bilen, onuň anyk hasaplamalardan, ykdysady, durmuş, demografik şertleriň içgin seljerilmeginden ugur alnyp, ylmy esasda işlenip taýýarlananlygyndadyr.

Türkmenistany Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň önümçilik binýadynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mümkinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze pudaklarynyň döredilmegini ugur edinýär.

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň orny we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda geçirýän çuňňur oýlanyşykly özgertmeleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi üçin ygtybarly şertleri döredýär.

“Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini giňeltmek, milli töleg ulgamynyň durnuklylygyny we banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň, möhüm, strategik ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaý karzlarynyň möçberlerini artdyrmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär we bu ugurda oňyn netijeler gazanylýar. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki iri maliýe institutlary öz synlarynda Türkmenistanyň ykdysady ösüş depginini goldaýarlar we oňa ýokary baha berýärler.

Durmuşa geçirilýän özgertmelerde ýurdumyzyň kanunçylygyny, şol sanda bank ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda döwrüň talaplary we bu ugurda hereket edýän halkara standartlar göz öňünde tutulyp, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň banklarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerine laýyklykda, milli manadyň hümmetini pugtalandyrmak, maliýeleşdirmegiň we ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Banklaryň halkara standartlara laýyklykda maliýe hasabatlylygyny durmuşa geçirmeklerine, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Döwlet daşary ykdysady iş banky «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginde, maliýe pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde we abraýly halkara maliýe guramalary, ösüş banklary, eksport-karz agentlikleri bilen ýakyn gatnaşyklary saklamakda möhüm orun eýeleýär.

Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertleri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän maýa goýum maksatnamalary we iri taslamalar üçin karz bermäge işjeň gatnaşýan köp sanly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan diňe bir milli däl, eýsem, sebitleýin taslamalara, şol sanda tehniki tabşyryklary taýýarlamaga we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin maýa goýujylary çekmäge goldaw berýän Aziýa ösüş banky bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Döwlet we hususy pudaklara çekilýän köp sanly maýa goýum taslamalary Yslam ösüş bankynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Şolaryň biri hem Türkmenistanda deňiz ulagyny ösdürmek taslamasydyr, ol demir ýol ýüklerini, ýolagçy we gury ýükleri daşamak üçin üç sany täze gäminiň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Bu taslama Yslam ösüş bankynyň hem-de OPEC halkara ösüş gaznasynyň karzlary arkaly durmuşa geçiriler.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde Türkmenistanyň halkara maliýe hasabatlylygy standartlaryna geçmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu ulgam daşary ýurt maýadarlary bilen gatnaşyklary ep-esli ýeňilleşdirýär we bilelikdäki taslamalaryň sanynyň köpelmegine ýardam berýär.

Ähli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we bazar gatnaşyklaryna geçilmegi esasynda ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylýan hem-de senagatlaşdyrylýan döwründe statistika aýratyn ähmiýete eýe bolýar. «Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Statistika baradaky döwlet komiteti statistiki maglumatlar taýýarlanylanda halkara tejribede giňden ulanylýan standartlara esaslanyp, degişli usullary ulanýar.

Öňde goýlan wezipäni çözmek üçin häzirki zaman hasaplaşyklar ulgamyna geçmek boýunça işler alnyp barylýar, ol makro derejede ykdysadyýetiň ýagdaýyny we ösüşiň umumy görnüşini häsiýetlendirmek, iň möhüm makroykdysady görkezijileriň hem-de pudaklaryň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulanylýar.

Aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň hem talyp haklarynyň yzygiderli, şol sanda syn berilýän 2023-nji ýylda-da 10 göterim ýokarlandyrylmagy, durmuş ähmiýetli harytlar babatynda nyrh syýasatynyň oýlanyşykly amala aşyrylmagy, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy, goşmaça durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny we abadançylygyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.

2023-nji ýylda kabul edilen dürli durmuş taýdan gorag we goldaw çäreleri adam hakynda aladanyň ýurdumyzda ileri tutulýan wezipedigini, döwlet Baştutanymyz tarapyndan amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň ahyrky netijede, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna üstünlikli ýetmäge gönükdirilendigini ýene bir gezek tassyklady.

2023-nji ýylyň dowamynda köp sanly iş duşuşyklary we gepleşikler, ministrler derejesindäki mejlisler, bilermenler bilen geňeşmeler, ýörite maslahatlar hem-de okuw maslahatlary dürli görnüşlerde, şol sanda sanly ulgam arkaly geçirilip, olarda ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň hyzmatdaş ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlar boýunça hökümetara toparlarynyň arasynda geçirilen mejlisler möhüm ähmiýete eýe boldy. Ykdysady çäreleri halkara derejede guramakdan we geçirmekden başga-da, Türkmenistan ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýan dürli sebit hem-de ählumumy forumlara işjeň gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde syn berilýän ýylyň makroykdysady görkezijileriniň jemini jemläp, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly üstünlikleri gazanandygymyzy, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirendigimizi kanagatlanma bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.

Geçen ýyl biz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda açdyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bellenilişi ýaly, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy, şeýle hem dürli ugurly onlarça täze kärhana dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

Şeýlelikde, makroykdysady durnuklylyk, ýokary maýa goýum işjeňligi, degişli kanunçylyk binýadynyň we hususy pudagy goldamagyň täsirli mehanizmleriniň bolmagy, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň maliýe-ykdysadyýet ulgamynda gazanan üstünlikleri, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmegiň binýadyny has-da berkitdi.