Ï «Arkadag» futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Zenit» topary bilen deň oýnady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Zenit» topary bilen deň oýnady

view-icon 2595
«Arkadag» futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Zenit» topary bilen deň oýnady
camera-icon
tff.com.tm

Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Arkadag» futbol topary bilen Sankt-Peterburgyň «Zenit» toparynyň oýunçylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 1:1 hasabynda deň tamamlandy. Oýun Abu-Dabide ýapyk şertde geçirildi, bu ýerde iki klub hem täze möwsüme taýýarlanýar. 

Russiýanyň çempiony baş tälimçi Sergeý Semagyň esasy toparyň öňki iki türgenleşigine gatnaşmadyk we RPL-iň güýzki tapgyrynda ýeterlik oýun tejribesi bolmadyk oýunçylary synagdan geçirmekçi bolandygy sebäpli meýdança esasy oýunçylar çykmady.

Şeýle bolsa-da, oýunda hasaby «Zenit» topary açyp, fransiýaly hüjümçi Wilson Izidor tapawutlandy. «Arkadag» toparyndan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýewiň dürs urgusyndan hasap deňlendi.

Hatarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçylary çykyş edýän, 2023-nji ýylyň aprelinde döredilip, Türkmenistanyň milli ýygyndysyny emele getirýän we şol bir at bilen döwlet ähmiýetli şäheri aňladýan «Arkadag» futbol kluby eýýäm milli çempionatda ilkinji gezek möhletinden öň ýeňiji boldy we Milli kubogy gazandy.

Täze möwsümde «Arkadag» topary çempionlygyny saklap galmaga taýýarlanýar.

4-nji martda başlanýan täze möwsümde «Arkadag» çempionlyk adyny goramaga taýynlanýar. Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary oňa taýýarlygyň çäklerinde 25-nji fewralda BAE-de Gyrgyzystanyň häzirki iki gezek çempiony we Super kubogynyň ýeňijisi Kantdan «Abdyş-Ata» kluby bilen ýene bir synag oýnuny oýnar.

Şondan öň «Arkadag» kluby Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen birinji türgenleşik ýygnanşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň abraýly «Wardar» klubuny 1:0 hasabynda utdy, ondan soňky iki duşuşykda Ukrainanyň «Şahtýoryndan» – 1:4 we «Dnepr-1» klubundan 0:1 hasabynda ýeňildi, Abu-Dabidäki ikinji türgenleşik ýygnanyşygynda Russiýanyň Nižnyý Nowgorod şäheriniň «Pari NN» klubuny 2:1 hasabynda ýeňdi.