Ï «Türkmenawtoulaglary» agentliginde Magtymgulynyň döredijilik mirasy barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde Magtymgulynyň döredijilik mirasy barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

view-icon 3516
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde Magtymgulynyň döredijilik mirasy barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz -nesihat duşuşygy 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirildi.

Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öz beýanyny tapýan öwüt-ündewleriň jemgyýetimizde kämil ýaşlaryň kemala gelmegindäki orny aýratyn bellendi. 

Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli hazyna we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir.

Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öz beýanyny tapýan öwüt-ündewleriň jemgyýetimizde kämil ýaşlaryň kemala gelmegindäki orny aýratyn bellendi. 

Çärä gatnaşanlaryň çykyşlary  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini ýol-ýörelge edinýän ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy. 

Çärede Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Içeri işler ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ýurdumyzyň partiýalarynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri çykyş etdiler. Täsirli çykyşlar ulag ulgamynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.

Çäre türkmen halkynyň milli ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşykda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüni hem döredijiligini, mizemez ýörelgä öwrülen adamzat ähmiýetli pikirlerini dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylýan alkyş sözleri bilen jemlendi.