Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyksöýüjilik doktrinasy» atly bäsleşik geçirer.
Bäsleşik 6-njy martda Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de onlaýn synag görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşýanlara Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasynda taýýarlanan 100 sorag berler.
Bäsleşige Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual taslamasyna gatnaşyjylar we bilimlerini, zehinlerini we başarnyklaryny görkezmäge isleg bildirýän ýurdumyzyň beýleki orta mekdep okuwçylary gatnaşarlar.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň resmi saýtynda yglan ediler.
Bäsleşik ýaşlaryň arasynda döwletimiziň daşary syýasatyna düşünişmegini giňeltmek, Magtymguly Pyragynyň parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk, şeýle hem şol döwürdäki wakalary öz içine alýan temalara bagyşlanan goşgulary arkaly watanperwerlik duýgusyny, öz ýurdy üçin jogapkärçilik duýgusyny we ýaşlarda ahlagy terbiýelemäge hem-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Bäsleşik hemmetaraplaýyn bilimli ýaşlary ýüze çykarmagy we höweslendirmegi, ýurduň orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de berkitmegi, şeýle hem mekdep okuwçylaryny hünäre gözükdirmegi maksat edinýär.