Türkmenistanly türgenler Fujeýrada (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «Ýaşlar karate ligasy» halkara ýaryşynda iki bürünç medal gazandylar.
Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 12 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýaş derejesinde 78 ýurtdan 2070 türgen medallar ugrunda bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, ýaryşa toparymyzdan 25 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli 4 emin gatnaşdy.
Kadetleriň arasynda kumite (sparring) boýunça Türkmenistan milli ýygyndysyndan Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew bürünç medal eýelediler. Olaryň birinjisi 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde, ikinjisi bolsa 14 ýaşdan uly türgenleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle üstünlik gazandylar.