Ï Türkmenistanyň küşt çempionatynyň ýokary erkekler ligasynyň düzümi kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň küşt çempionatynyň ýokary erkekler ligasynyň düzümi kesgitlendi

view-icon 2925
Türkmenistanyň küşt çempionatynyň ýokary erkekler ligasynyň düzümi kesgitlendi
camera-icon
Türkmenistanyň küşt federasiýasynyňky

Ýurdumyzyň iň güýçli sekiz küştçüsi 3-nji mart bilen 18-nji mart aralygynda Aşgabatda çempionlyk adyny we Türkmenistanyň ýygyndy toparyna girmek hukugyny almak üçin aýlaw ulgamy boýunça iki aýlawda bäsleşer. «Erkekleriň arasynda küşt täjine dalaş edýänleriň sanawy Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde geçirilen birinji liganyň ýaryşynyň netijelerine esaslanyp kesgitlendi» diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda aýtdylar.

Ýokary ligada alty orun eýelemek ugrunda 56 küştçi bäsleşdi, olar Şweýsar ulgamyna görä, 11 tapgyr oýnadylar.

Ýaryşda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň esgeri Allaýar Şirliýew (FIDE/Elo reýtiňi – 2111) mümkin bolan 11 utukdan 9 utuk toplamak bilen, birinji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň milli zenanlar toparynyň tälimçisi, Daşoguzdan sport ussady diýen ada dalaşgär Şahruh Turaýew (reýtiň – 2183) Allaýaryňky bilen deň netijäni görkezdi. Emma ol goşmaça görkezijilerde asgyn geldi we ikinji orun bilen oňmaly boldy.

3-nji orny eýelän aşgabatly mekdep okuwçysy Azym Saryýew öňdäki orunlary eýelänlerden bir utuk yza galdy, ýöne ol Elo reýtiňini 80 nokat ýokarlandyryp, 1900-iň derejesine çenli ýetirdi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow bilen 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda öňki dünýä çempiony, FIDE ussady adynyň dalaşgäri Şageldi Gurbandurdyýew (Lebap) dagynyň her biri 7,5 utuk toplap, degişlilikde, 4-nji we 5-nji orunlary eýeledi.

6-njy orna birbada her biri 7 utuk toplan sekiz oýunçy dalaş etdi, ýöne goşmaça görkezijiler boýunça, ýokary liga geçmäge iň soňky hukugy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Muhammet Ezizow gazandy.

Iki küştçiniň – ýurduň häzirki çempiony grossmeýster Maksat Atabaýewiň we 2023-nji ýylda 17 ýaşa ýetmedik mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň altyn medalçysy Amanmuhammet Hommadowyň eýýäm ýokary ligada çykyş etmäge hukugynyň bardygyny ýatladýarys.

Birinji liganyň ýeňijilerine we baýrakçylaryna Kubok, medallar, şahadatnamalar we pul baýraklary gowşuryldy. Mundan başga-da, ilkinji 10 ýeri eýelän küştçülere Daşoguzdaky «DZ Burgerhouse» restoranyndan sowgat şahadatnamalary gowşuryldy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Budapeştde (Wengriýa) geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşjak erkekler toparynyň düzümi Türkmenistanyň 2024-nji ýyl çempionatynyň ýokary ligasynyň netijeleri boýunça kesgitlener.