Ï Türkmenistanyň ýaşlary Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlary Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşýarlar

view-icon 2456
Türkmenistanyň ýaşlary Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşýarlar

Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti 1–8-nji mart aralygynda geçiriljek Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşýar.

Festiwalyň esasy çäreleri: leksiýalar, ussatlyk sapaklary, tanyşdyryşlar, sessiýalar 180 ýurtdan täze nesliň 20 müň ýolbaşçysyny kabul etjek federal Siriusda geçiriler. 14 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler bu çärä gatnaşmaga festiwal hereketiniň taryhynda ilkinji gezek mümkinçilik aldylar. Festiwalyň myhmanlarynyň arasynda bilermenler, meýletinçiler, ýolbeletler, žurnalistler we dürli hyzmat şereketleriniň wekilleri bar.

Ýaşlar forumyna gatnaşýanlar üçin 800-e golaý çäre taýýarlandy. Olaryň arasynda dag gezelençleri, uly sergiler, meşhur blogerler we artistler bilen duşuşyklar, sport we ylymdan başlap, halkara hyzmatdaşlyga çenli dürli ugurlar boýunça ussatlyk sapaklary bar. Ýaşlar diňe bir başga ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen däl, eýsem, meşhur aktýorlar, sazandalar, syýasatçylar, sportçular, medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik pikiri ýolbaşçylary bilen hem aragatnaşyk gurup bilerler.