Ï «Arkadag» futbol topary AFK kubogynyň pleý-off ýaryşyna gatnaşýan topary utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary AFK kubogynyň pleý-off ýaryşyna gatnaşýan topary utdy

view-icon 2527
«Arkadag» futbol topary AFK kubogynyň pleý-off ýaryşyna gatnaşýan topary utdy

«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary Gyrgyzystanyň Kant şäheriniň «Abdyş ata» toparyny 2:1 hasabynda utdy. Oýun iki toparyň hem täze möwsüme taýýarlanýan ýeri bolan Abu Dabide (BAE) jemleýji türgenleşik ýygnanyşygynda bolup geçdi.

Ýeňijilerden Didar Durdyýew we Altymyrat Annadurdyýew dagy gol salmak bilen bellendi. Utulan topardan 56-njy minutda jerime meýdançasyndan ýeke-täk topy Ataý Jumaşow tora girizdi.

Häzirki wagtda iki gezek çempion we Gyrgyz Respublikasynyň Super kubogynyň eýesi «Abdyş ata» üçin bu 6-njy we 13-nji martda Taýwanyň «Taýçžuň Futuro» topary bilen geçiriljek AFK kubogynyň pleý-off oýunlarynyň öňýany iň soňky türgenleşik boldy. Geçen ýylyň dekabrynda bu gyrgyz topary ilkinji gezek Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji topar ýaryşynyň pleý-offuna çykyp, Türkmenistanyň «Altyn asyr», «Merw» toparlaryny we Täjigistanyň «Rawşan» toparyny öz içine alýan «E» toparda birinji boldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň özeni bolmak bilen, milli ähmiýetli adybir şähere degişli «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylyň aprelinde döredilipdi we eýýäm ilkinji ýylynda milli çempionatda möhletinden öň çempion bolup, ýurduň kubogyny gazanypdy.

«Arkadag» topary geljek möwsümde çempionlyk adyny goramaga taýýarlanýar. Bu işe taýýarlygyň çäginde Wladimir Baýramowyň şägirtleri Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen ilkinji türgenleşik wagtynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» toparyny 1:0 hasabynda utdy, emma soň Ukrainanyň «Şahtýoryndan» 1:4, «Dnepr-1» toparyndan 0:1 hasabynda utuldy, Abu-Dabide geçirilen ikinji türgenleşik ýygnanyşygynda bolsa Russiýanyň Nižnyý Nowgorod şäheriniň «Pari NN» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi we Russiýanyň çempiony sankt-peterburgly «Zenitiň» ätiýaçlyk topary bilen deňme-deň oýnady – 1: 1.

«Arkadag» topary 2024-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji oýnuny 7-nji martda öz meýdançasynda wise-çempion «Altyn asyr» topary bilen oýnar. Gyşky geçiş döwründe häzirki milli çempion öz toparynyň düzümini biraz täzeledi. «Altyn asyr» toparyna gaýdyp gelen hüjümçi Mihail Titow we goragçy Roman Galkin topardan çykdy. Olaryň ornuna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi «Ahal» toparyndan Rahat Japarow, ýarymgoragçy Mirza Beknazarow we «Köpetdagdan» hüjümçi Şamämmet Haýdarow dagy geldi.

Täze futbol möwsüminiň öňüsyrasynda «Arkadag» futbol toparynyň «Arkadag-2» ätiýaçlyk toparyny döredendigini, onuň Türkmenistanyň ýaşlar çempionatynda çykyş etjekdigini hem bellemelidiris.