Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty paýtagtymyzyň toparlarynyň oýny bilen başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty paýtagtymyzyň toparlarynyň oýny bilen başlady

view-icon 2800
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty paýtagtymyzyň toparlarynyň oýny bilen başlady

Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary ligasynyň 32-nji çempionaty paýtagtymyzyň «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlady.

Oýun Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde ýerleşýän Sport toplumynyň çäginde geçirildi.

Geçen ýyl «Aşgabat» 30 utuk bilen çempionatda 5-nji, «Köpetdag» 28 utuk bilen altynjy orny eýelediler.

Şu möwsümden öň iki toparyň hem düzüminde düýpli üýtgeşmeler boldy.

«Aşgabat» toparyndan Hydyrgeldi Atajanow, Begmyrat Arbatow we Röwşen Baýlyýew «Şagadam» toparyna geçdiler.

Bäşim Gurbanberdiýew «Nebitçi», Söhbet Allanurow «Merw» toparyna gitdiler. Olaryň ýerine «Altyn asyr» toparyndan Azat Annaýew, Oraz Orazow, Didar Didarow, Nurmyrat Rozyýew, Begli Nurmyradow, «Ahal» toparyndan Atageldi Geldiýew, Azatmuhammet Hojamuhammedow, Möwlamberdi Goşşanow, «Köpetdag» toparyndan Döwletnyýaz Berdiýew we ýaşlar toparyndan Ýeňiş Seýdiýew geldiler.

Gyşky transferde «Köpetdagdan» dört oýunçy – Şamämmet Hydyrow «Arkadag» toparyna, Azizbek Bekçanow we Ylýas Çaryýew «Ahal» toparyna, Döwletnyýaz Berdiýew bolsa «Aşgabat» toparyna gitdiler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyna «Merwden» Myrat Ýagşyýew we «Şagadamdan» Ezizmämmet Orazmämmedow goşuldylar.

Iki topar hem çempionata dürli şertlerde taýýarlandy. «Aşgabat» toparynyň oýunçylary Abu Dabide (BAE) möwsümden öňki türgenleşik geçirdi we şol ýerde Moskwanyň «Lokomotiwi» (0:3) we Dubaýyň «Gulf Ýunaýted» (1:3) toparlary bilen synag oýunlaryny oýnadylar. «Köpetdag» bolsa Aşgabatda türgenleşdi, ýoldaşlyk duşuşygynda «Ahalyň» dubldaky toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi.

Çempionatyň açylyş oýny çekeleşikli geçdi we 0:0 hasabynda deň tamamlandy.

«Aşgabat» topary indi 7-nji martda Maryda «Energetik» bilen, «Köpetdag» bolsa 10-njy martda öz meýdançasynda «Energetik» bilen oýnar.

Milli çempionatyň birinji tapgyry 4-nji martda «Altyn asyr» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Merw» we «Ahal» – «Energetik» toparlarynyň oýunlary bilen dowam eder.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda 9 topar özara bäsleşer, olar geçen ýyldakydan tapawutlylykda biri-biri bilen üç däl-de, dört tapgyrda duşuşarlar. Üç topar – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» – paýtagtymyza, Balkanabatdan «Nebitçi» we Türkmenbaşydan «Şagadam» – Balkan welaýatyna, «Merw» we «Energetik» – Mary welaýatyna, «Ahal» – Ahal welaýatyna, häzirki çempion «Arkadag» topary bolsa döwlet derejeli adybir şähere wekilçilik edýärler.

«Arkadag» topary birinji oýnuny 7-nji martda öz meýdançasynda wise-çempion «Altyn asyr» topary bilen oýnar.