Ï Türkmenistanly hokkeýçiler GAR-da başlanan ýetginjekler dünýä çempionatynda Tailandyň toparyny uly hasap bilen utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly hokkeýçiler GAR-da başlanan ýetginjekler dünýä çempionatynda Tailandyň toparyny uly hasap bilen utdy

view-icon 3250
Türkmenistanly hokkeýçiler GAR-da başlanan ýetginjekler dünýä çempionatynda Tailandyň toparyny uly hasap bilen utdy

Türkmen hokkeýçileri Keýptaunda (GAR) geçirilýän «B» toparyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler dünýä çempionatynda Tailandyň milli ýygyndysyny 7:2 hasabynda utdy.

Buz üstünde oýnalýan hokkeý halkara federasiýasynyň (IIHF) howandarlygynda geçirilýän bu ýaryşa dört topar gatnaşdy. Gonkongly, tailandly, türkmenistanly we GAR-ly ýetginjekler bir aýlawly ýaryşda «A» toparyň üçünji diwizionyna çykmak ugrunda bäsleşýärler.

Geçen ýyl Türkmenistanyň we Tailandyň ýetginjekler toparlary 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň ilkinji çempionatynda Ulan-Batorda duşuşypdylar. Şol çekeleşikli oýunda ildeşlerimiz 4:3 hasabynda garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Bu gezek ilkinji duşuşyk Türkmenistanyň topary üçin has şowly boldy. Oýnuň eýýäm 2-nji minudynda Serdar Durdyýew GAR-da 2024-nji ýylda geçirilýän ýetginjekler dünýä çempionatynyň ilkinji şaýbasyny saldy. 10-njy minutda Elman Isaýew ýene bir gol geçirdi, garşydaşlar toparymyzyň 2:0 hasabynda peýdasyna ilkinji arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymynda tailandlylar Serdar Durdyýewiň 31-nji we 39-njy minutlarda salan iki şaýbasyna Tananutç Kultanthornyň 35-nji minutda takyk urgusynda geçiren şaýbasy bilen jogap berdiler, ikinji arakesmeden öň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň artykmaçlygy 4:1-e ýetdi.

Duşuşygyň soňky böleginde türkmen hokkeýçileriniň buz üstünde artykmaçlygy dowam etdi. 42-nji minutda Serdar Durdyýew garşydaşlarynyň toruna dördünji şaýbany salyp, ýaryşyň ilkinji pokerini gazandy. Iki minutdan soň Tananutç Kultanthorn toparymyzyň oýunçylarynyň azlygyndan ýerlikli peýdalanyp, ýene bir şaýba geçirdi. 47-nji minudyň ahyrynda Perman Şamuhammedow we 49-njy minutda Şöhrat Begliýew garşydaşlarynyň derwezesine ýene iki şaýba saldylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan Serdar Durdyýew we Tailandyň toparynda iki gol salan Tananutç Kultanthorn duşuşygyň iň gowy oýunçylary diýlip yglan edildi.

Ilkinji oýun gününiň başga bir oýnunda Gonkongyň topary Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny 11:1 (3:1, 5:0, 3:0) hasabynda ýeňdi. Gonkongyň toparyndan – goragçy Man Hin Tommi Kut we GAR-yň toparyndan derwezeban Niko Ýans wan Rensburg duşuşygyň iň gowy oýunçylary diýlip ykrar edildi.

Türkmen hokkeýçileri indiki oýnuny Gonkongyň topary bilen oýnar.

Ýetginjekler dünýä çempionatynda (U18) Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» we «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan» toparlaryndan ýaş hokkeýçileriň 20-si wekilçilik edýär.

Şeýle uly derejeli ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan hokkeýçilerimiz Guwanç Jepbarowyň we Maksat Ataýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar.