Ï «Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatyny uly ýeňiş bilen başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatyny uly ýeňiş bilen başlady

view-icon 2702
«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatyny uly ýeňiş bilen başlady
camera-icon
tff.com.tm

Çarşenbe güni wise-çempion «Altyn asyrdan» 3:0 hasabynda üstün çykan «Arkadag» topary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň 32-nji futbol çempionatyna uly ýeňiş bilen başlady.

Täze milli birinjilige taýýarlyk görmek üçin «Arkadag» toparynyň oýunçylary Türkiýäniň Antalýa şäherindäki we Abu-Dabidäki (Birleşen Arap Emirlikleri) türgenleşik ýygnanyşyklarynda ýedi synag oýnuny oýnady, şol oýunlarda olar dört gezek ýeňiş gazandy, bir gezek deňme-deň oýnady we iki gezek utuldy. Aşgabada gelmezden ozal, BAE-de geçirilen türgenleşik ýygnanyşygynyň soňky duşuşygynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri Dubaýyň «Regional Sports FC» toparyny 4:2 hasabynda utdy.

«Arkadag» toparynyň «Altyn asyr» bilen oýny Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Sport toplumy» stadionynda geçdi. Onda Türkmenistanyň häzirki çempiony we kubogynyň eýesi tiz öňe saýlandy: 14-nji minutda çep ganatdan Arslanmyrat Amanowa top berildi, olam topy gelşine, çep aýagy bilen 12 metrden tora saldy.

Öten ýylky çempionatda iň köp top salan oýunçy Didar Durdyýew 27-nji minutda Welmyrat Ballakowyň urgusyndan soň sütüne degip, yzyna gaýdan topy tora girizdi. «Arkadag» toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda toparlar arakesmä gitdiler.

Oýnuň ikinji ýarymynda Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri hasaby üýtgetmek üçin köp tagalla etdiler. Muny üç gezek amala-da aşyrypdylar. Birinji gezekde häzirki çempiony derwezeçi Resul Çaryýew üç metrden urlan topy yzyna gaýtarmak bilen, halas etdi, ikinjide, «Arkadag» toparyny derwezäniň sütüni, üçünjide bolsa ýene-de R.Çaryýew Selim Nurmyradow tarapyndan jerime meýdançasyndan urlup, kese agajyň astyna gelýän topy derwezäniň üstünden aşyryp, derwezebanlyk ussatlygyny görkezmek bilen halas etdi.

82-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew Mirza Beknazarowyň çep gapdaldan, ýakyn aralykdan beren topuny üstünlikli ulananda, duşuşygyň nähili tamamlanjagy belli boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony we 2018-nji ýyldaky AFK kubogynyň finalçysy bolan «Arkadag» topary ynamly ýeňiş gazanmak bilen, ilkinji 3 utugy gazandy. «Altyn asyr» bolsa çempionatyň başynda yzly-yzyna ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary, Marynyň ikinji ýeňlişe sezewar bolan «Energetik» topary ýaly utuksyz galyp, öz meýdançasynda «Aşgabatdan» 0:3 hasabynda utulyp, iki tapgyrdan soň özi üçin adaty däl ýagdaýda ýaryş jedweliniň ahyrynda ýer aldy. Ýeňijilerden Hojanazar Gurbanow (jerime urgusyndan 3-nji minut), Begmyrat Pirgulyýew (41-nji minutda) we Şatlyk Gurbanow (86-njy minutda) dagy tapawutlandy.

Türkmenbaşy şäherindäki duşuşyk garaşylmadyk ýagdaýda tamamlandy. Ol ýerde Balkanyň iki güýçli topary bolan ýerli «Şagadam» bilen Balkanabadyň «Nebitçi» topary duşuşdy. Toparlar çempionaty dürlüçe başlady. Birinji tapgyrda geçen ýylky çempionatyň autsaýderi «Şagadam» myhmançylykda kümüş medalçy «Altyn asyry» utdy – 2:1, geçen möwsümiň bürünç medalçysy «Nebitçi» bolsa öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda 2023-nji ýyldaky milli çempionatyň başga bir autsaýderi «Merwden» utuldy – 0:1.

Deňiz kenaryndan gelenler janköýerleriniň goldawy bilen ýene-de utuk gazanaýjak ýalydy. Emma beýle bolmady. Ýer eýeleri Döwran Berdiýewiň birinji taýmda (42-nji we 45 + 4-nji minut) jerime meýdançasyndan salan iki topuna Hydyrgeldi Atjanowyň (53-nji minutda) sag gapdaldan berlen topy boş derwezä gönükdiren diňe bir topy bilen jogap bermegi başardylar. «Şagadam», Begmyrat Arbatow iki sany sary kartoçkasy bilen 96-njy minutda oýundan çykarylandan soň, oýny azlykda tamamlady.

2-nji tapgyryň başga bir oýnunda «Ahal» Baýramalyda Marynyň «Merwinden» 1:0 hasabynda üstün çykdy we 6 utuk bilen ýaryş jedweliniň başyna geçdi. Myhmanlardan 56-njy minutda ýeňişli topy Ýazgylyç Gurbanow jerime urgusyndan tora girizdi. Ol 3 top salmak bilen, iň köp top geçirenleriň sanawynda birinji orna geçdi. Döwran Berdiýewiň («Nebitçi») hasabynda iki gol bar.

Ýaryş jedweliniň ikinji setirini 4 utugy bolan «Aşgabat» eýeleýär. «Arkadag», «Şagadam», «Nebitçi» we «Merwiň» hersiniň 3 utugy bar.