Ï «Aşgabat» topary «Merw» toparyny utup, utuşly ýörişini dowam etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aşgabat» topary «Merw» toparyny utup, utuşly ýörişini dowam etdi

view-icon 4083
«Aşgabat» topary «Merw» toparyny utup, utuşly ýörişini dowam etdi
camera-icon
tff.com.tm

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 32-nji çempionatynyň üçünji tapgyry «Aşgabat» we «Merw» toparlarynyň oýny bilen jemlendi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen oýunda «Aşgabat» topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. «Merwiň» derwezebany Nurgeldi Astanow sag tarapdan depilen pökgini elinden goýberdi welin oňa ilkinji bolup ýetişen Şatlyk Gurbanow ýeňiş pökgüsini tora girizdi.

Bu ýeňişden soň Seýit Seýidowyň topary üç oýunda üstünlik gazandy we 7 utuk bilen ýaryşda ikinji orna çykdy, bassyr ikinji gezek ýeňlişe sezewar bolan «Merw» 3 utuk bilen altynjy orunda galdy. «Aşgabat» indiki oýunda 29-njy martda Türkmenbaşynyň «Şagadamy» bilen duşuşar, «Merw» bolsa şol gün paýtagtymyzyň «Köpetdagyny» kabul eder.

«Ahal» üç oýundan soň 9 utuk toplap, çempionatda öňde barýar. «Arkadag» topary iki oýundan soň 6 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Bombardirleriň arasynda 3 pökgi Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag») we Ýazgylyç Gurbanow («Ahal») birinji orny eýeleýärler. Alybek Abdyrahmanowyň («Ahal»), Döwran Berdiýewiň («Nebitçi») we Didar Durdyýewiň («Arkadag») hersi 2 pökgi geçirdiler.

Türkmenistanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň oýunlary 29-30-njy martda geçiriler.