Ï Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşdyrylyş sapagy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşdyrylyş sapagy geçirildi

view-icon 2594
Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşdyrylyş sapagy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy «Türkmen edebiýatynda Magtymgulynyň orny» temasynda talyplarynyň öňünde umumy sapak berdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berişi ýaly, umumy sapagyň dowamynda talyplara beýik şahyryň ömri we döredijiligi, şahyryň dürli temalaryndaky goşgylary barada gürrüň berildi. Diňleýjilere Magtymgulynyň poeziýasynyň çeperçilik dili we görnüşi, Pyragynyň dünýägaraýşy baradaky maglumatlary diňlemek has hem gyzykly boldy.

Iki dostlukly döwletiň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda adata öwrülen hyzmatdaşlygyň bardygyny bellemek bolar. Bu iki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary özara geçirilýän maslahatlara, forumlara we tegelek stollara gatnaşýarlar. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen tejribe alyşmak, bilelikde ylmy we medeni çäreleri geçirmek ýola goýuldy.