Ï Nowruz al-elwan gülli, göwünleri joşdurýan bahar baýramydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nowruz al-elwan gülli, göwünleri joşdurýan bahar baýramydyr

view-icon 2194
Nowruz al-elwan gülli, göwünleri joşdurýan bahar baýramydyr
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde baharyň gelşini reňk, gobelen we keramika bilen beýan eden türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy.

Suratkeşler, köplenç, bu mowzugy beýan edenlerinde, güllere ýüzlenýärler. Şonuň üçin-de bu serginiň baş gahrymanynyň gül bolandygyny aýtmaga doly hakymyz bar.

Baharda bellenýän «Nowruz» Gündogarda iň söýgüli baýramlaryň biridir. Bu ajaýyp baýram adamlara gyşyň aňzagyny jana ýakymly, mylaýym howa bilen çalşyp, tebigat sowgat edipdir.

Natalýa Kaluginanyň çäksiz elwan läle meýdanyny görkezýän işiniň ady «Ýaşa, durmuş!». Suratkeş Olga Baryşewa «Ak siren» we «Sähra gülleri» atly iki işini hödürledi. Tylla Paltaýewa, Şeker Joraýewa, Dilber Pirmuhammedowa dagy bägül şekilli gobelen toplumyny görkezdiler. Suratkeşler ýüplüklerde gül şasynyň ýapraklarynyň iň inçe öwüşginlerini beýan etmegi başarypdyrlar. Suratlardaky we gobelenlerdäki güller keramika geçen ýalydy. Aýtäç Daşaýewa iki sany nepis gapda «Bahar gülleri» atly inçe işini görkezdi.

Türkmen halky Nowruz baýramyny giňden belleýär. Göwher Babaýewa muny «Bahar baýramy» atly işinde bezenip-beslenip, toýa barýan aýal-gyzlary şekillendirmek bilen nygtapdyr.

Sülgün Gurbandurdyýewanyň «Arkadag şäheri – parahat şäher» atly suraty sergide görkezilen eserlerden gelip çykýan umumy ruhy ýagdaý bilen sazlaşykly utgaşyp gidipdir. Sülgün ony töwerek görnüşindäki ündewsurat uslybynda çekipdir. Adaty bolmadyk kompozisiýa, häzirki zaman binagärlik bezegi we Oguz hanyň ýadygärligi taryhy geçmişiň şu günki gün bilen duşuşygyny görkezýän bu suratyň düşündirişinde gizlin filosofik many döredýär.

Suratlaryň arasynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, 8-nji martda geçirilen öňki sergide goýlan eserler hem görkezildi. Bular baýrak alan suratlardyr.