Şu gün paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üsti Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi bilen ýetirildi. Täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Onuň açylmagy bilen, bu ýerde ýüzlerçe täze iş orunlary hem döredildi.
Bina edilen birnäçe desganyň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik keşbinde ýerine ýetirilipdir. Munuň özi şäheriň bu künjegi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda içerki bazary harytlaryň ýeterlik möçberi bilen üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän önümleriniň möçberiniň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde, hyzmatlar ulgamynyň, söwdanyň ösdürilmegine iri maýa goýumlar gönükdirilýär. Häzirki zaman söwda enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze söwda merkezleri ilata, ýurdumyza barha köp gelýän daşary ýurtly myhmanlara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Diýarymyzyň işewürliginiň sazlaşykly ösüşi edara binalaryna bolan islegi ýokarlandyrýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu talaplara jogap edip, köp sanly edara hem-de täjirçilik binalaryny gysga wagtda gurup ulanmaga berdi.
Täze toplumyň öňündäki meýdançada şatlyk-şowhuna beslenen dabara ýaýbaňlandyrylýar. Täze açylýan bina we onuň ýanaşyk ýerleri baýramçylyk öwüşgininde bezelipdir. Şanly waka mynasybetli guralýan dabara gatnaşmak üçin bu ýere köp sanly myhmanlar gelipdir.
Ýygnananlar ýurdumyzyň telekeçilerine hemmetaraplaýyn goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilik uly ösüşlere eýe bolýar. Hususy kärhanalar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak, içerki sarp edijileri üpjün etmek, daşarky bazarlara işjeň çykmak arkaly goňşy döwletlere dürli harytlary iberip, eksport ugurlaryny artdyrýarlar.
Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar «Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda, ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.
Dükanlaryň tekjelerinde ýuwujy serişdeleriň, şampunlaryň, çygly süpürgiçleriň, durmuş himiýasyna degişli başga-da köp sanly harytlaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir. Bu harytlaryň önümçiligi ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan üstünlikli özleşdirildi. Gündelik durmuşda ulanylýan şu we beýleki ownuk harytlar hem ozal daşary döwletlerden getirilýärdi. Häzirki wagtda bu harytlar elýeterli bahasy, ekologik taýdan arassalygy babatda alyjylaryň uly islegine eýe bolýar.
Söwda merkeziniň dükanlaryny synlap, soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ýokarlanandygyna, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejelere ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Bu aýdylanlar dürli bezeg görnüşlerinde we nusgada öndürilen hojalyk elektronika harytlarynyň, öýde ulanylýan dürli enjamlaryň önümçiligine hem degişlidir.
Merkezi binanyň gapdalynda umumy binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan işewürlik merkezi gurlupdyr. Umumy meýdany 25 müň inedördül metrden gowrak bolan 12 gatly täze işewürlik toplumynda binagärligiň häzirki zaman gazananlary we däp bolan milli usullar sazlaşykly utgaşýar. Binanyň agşamky görnüşi dürli yşyklandyryjylar bilen aýratyn gözel görnüşe eýe bolýar. Onuň ýanaşyk çäginde ýaşyl zolaklar hem döredilipdir. Merkeziň ikinji gatyndan onunjy gatyna çenli aralykda ýerleşdirilen iş otaglarynda häzirki zaman tehnologik enjamlary ornaşdyrylypdyr. Işewürlik duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin hem ähli şertler döredilipdir. Iň aşaky we birinji gatda dükanlar, on birinji we on ikinji gatlarda, degişlilikde, tehniki hyzmat ediş bölümi we restoran ýerleşýär.
330 we 146 orunlyk açyk asmanyň astyndaky we ýerasty awtoduralgalar, 400 orunlyk köp gatly duralga hem TSTB-niň işgärleriniň, telekeçileriň ygtyýaryna berilýär. Döwrebap duralga ilata gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary hödürlär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ýol-ulag düzümi güýçli depginde döwrebaplaşdyrylýar, täze ýollar çekilip, bar bolanlarynyň durky täzelenilýär, estakada köprüleri, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleri gurulýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda awtoulaglaryň hereketiniň artmagy bilen baglylykda, awtoduralgalaryň sanyny artdyrmak, olary, aýratyn-da, ýaşaýyş jaý toplumlarynda, iri söwda merkezleriniň golaýynda oýlanyşykly ýerleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.
«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezini ulanmaga bermek dabarasy tamamlanandan soňra, agzaçar sadakasy berildi we onda türkmen topragynda hemişe abadançylygyň höküm sürmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler dileg edildi.
Goý, Beýik Biribar ähli doga-dilegleri kabul etsin! Mukaddes Oraza aýynyň her bir güni haýyr-sogaply işlerden we hoşniýetli arzuwlardan dolsun! Goý, Garaşsyz Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk höküm sürsün!