Ï Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew 60 ýaşady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew 60 ýaşady

view-icon 2093
Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew 60 ýaşady
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň 60 ýaş toýy mynasybetli onuň haly eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Serginiň açylyş dabarasynda akademiýanyň mugallymlary we talyplary, suratkeşiň dostlary we tanyşlary, şeýle hem onuň üýtgeşik zehininiň köp sanly muşdaklary ony gutlamaga ýygnandylar. Ada Gutlyýew özboluşly suratkeş. Bir tarapdan, ol tematik halylaryň deňsiz-taýsyz suratkeşi, beýleki tarapdan Türkmenistanyň meşhur atlarynyň nesil daragtynyň uly janköýeri hem-de olary seljerijidir. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň 14-sinde ol 12 gezek baýrak eýesi boldy. Ony bu bäsleşikde ýeňiji bolmagyň rekord goýujysy diýip aýtmaga doly esas bar.

Ada Gutlyýew innowasion haly sungatyny esaslandyryjydyr. Ol öz döredijiliginde emeli aňy we öz aň-düşünjesini giňden peýdalanýar, ýagny kompýuter arkaly işläp, öz döredijiligini ulanýar, şeýle usulda işlemegiň netijesi bolsa haýran galdyrýar. Onuň halylary žiwopis eserlerine meňzeýär, olardaky şekiller hakyky görnüşde, hut janly ýaly görünýär.

Halk suratkeşiň döreden eserleriniň toplumynda imperatorlar we şeýhler, şeýle hem dag tebigatynyň ajaýyp görnüşleri, pagtaly we bugdaýly meýdanlar, tebigatyň baýlyklarynyň natýurmortlary, taryhy gadymy gymmatlyklar bar. Ýöne iň köp sanlysy bedewlerdir. Ada Gutlyýewiň halylarynda bedewler bulutlarda erkin çapyp barýarlar, gadymy Hazaryň tolkunynyň köpürjiklerinden täze durmuşa eýe bolýarlar. Halylaryň birinde soňky ýüzýyllyklaryň dowamynda iň meşhur bolan bedewleriň 8-si şekillendirilendir. Beýleki bir halydaky atyň ýüzünde Ada Gutlyýew türkmen haly göllerini şekillendirdi. Bu eserleriň her biriniň aňyrsynda öz mazmuny, öz filosofiýasy bar.

Awtoryň iň halaýan halylarynyň biri «Rowaç» atly eseridir. Taýçanagyň boýnunda bagtyýarlyk arzuw edilip daňylan alaja bar. Alaja, mälim bolşy ýaly, dürli reňkli sapaklardan örülýär. Çep burçunda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Rowaç» atly goşgusy ýerleşdirilipdir, özi-de, şygryň her iki setiri dürli reňkli alajanyň sapaklarynyň reňkiniň tertibine görä bezelipdir.

Ada Gutlyýew – oýlap tapyjylygy egsilmez suratkeş. Muňa düşünmek üçin «Аltyn bugdaý», «Hasyl», «Suw damjasy – altyn dänesi» we «Bedew 3D» atly halylara ser salmak ýeterlikdir. Hemişe bolşy ýaly, suratkeşiň döredijiligindäki oýlanmalary onuň eserlerinde watançylyk seslenmesi bolup janlanýar.

60 ýaşyna bagyşlanan sergide suratkeş halylarynyň 40-syny görkezdi, şolaryň 7-si onuň okuwçylarynyň işleridir. Ada Gutlyýewe öz şägirtlerine-de emeli aňy we öz aň-düşünjäňi ulanmak döredijilik usulyny öwretmek başartdy. Halypa olaryň netijelerine buýsanýar. Onuň şägirtleriniň sergide goýlan halylarynyň arasynda öz ogly Aşyrgeldi Gutlyýewiň «Daglar ýeriň myhydyr» atly işi bar. Eseriň bu ady Magtymguly Pyragynyň şygyr setirlerindendir. Aşyrgeldi halyda gaýa meňzeýän şahyry şekillendirdi. Haçan-da Babasary Annamyradow şekiliň arkasynda dag şekillendirilse, gowy bolup bilerdi diýip belläninde, awtoryň kakasy: «Magtymgulynyň özi dagdyr» diýip, garşy çykdy. Sergä gelenleriň biri bolsa: «Ada, seniň ogluň basym senden ozar» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Şanly senesini toýlaýan ussat suratkeş: «Şeýle bolsa men bagtly bolaryn» diýip, jogap berdi.

Ada Gutlyýewiň döredijiligine ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan mynasyp baha berildi. Ol «Galkynyş» ordeni we medallaryň üçüsi bilen sylaglandy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň üç gezek ýeňijisi boldy. 

Türkmen bedewiniň milli baýramynda biz Ada Gutlyýewden ýene-de nobatdaky ajaýyp esere garaşýarys hem-de bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli bäsleşikde oňa 13-nji ýeňşini gazanmagyny arzuw edýäris.